Howpsuzlyk kadalary derwaýysdyr

28 Aprel 2021
851

Ajap eýýamymyzda tebigy gazyň eşreti halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen oba-şäherleriň gazlaşdyrylmagy ilatyň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjünçiligine mümkinçilik berdi. Bilşimiz ýaly, tebigy gazyň eşret kemi ýok. Ýöne ondan howpsuz we tygşytly peýdalanmak zerur meseledir.

Munuň üçinem howpsuzlyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmeli. Hemişe nygtaýşymyz ýaly degişli gaz hojalyk edarasyndan birugsat täze gaz nokadyny çekmäge ýa-da işläp duranynyň ýerini üýtgetmäge rugsat berilmeýär. Gaz enjamy işläp duran otagyň penjiresiniň fortoçkasy hemişe açyk durmalydyr. Gaz enjamynda näsazlyk ýüze çyksa, haýal etmän gaz hojalyk edarasyndan ussa çagyrmaly. Gazyň çykýan ýerini barlamak üçin açyk otdan peýdalanmak gadagandyr. Bu babatda diňe sabynyň köpürjiginden peýdalanmak maslahat berilýär. Gaz enjamlaryndan peýdalanýanlara ýene bir düzgünem ýatlatmalydyrys. Gaz enjamy ulanyljak bolnanda ilki ody gazyň ýanmaly ýerine eltip, ondan soň krandy açmaly.