Kinologlaryň we gulluk itleriniň bäsleşigi

28 Aprel 2021
934

Golaýda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň kinolog hünärmenleriniň we gulluk itleriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde serhetçi kinologlarymyz baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Watanymyzyň goragyna saldamly goşant goşýan kinologlaryň, alabaý we ýörite itleriň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi olaryň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kinologlarynyň arasynda hünär kämilleşdiriş çäreleri we bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Gurban HANGELDIÝEW,
maýor.