Bedew — halkymyzyň uçar ganaty

27 Aprel 2021
659

Şeýle at bilen Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde dabara geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap medeniýet bölümi bilelikde gurady.

Dabara gatnaşyjylar medeni ojagyň eýwanynda guralan baýramçylyk sergisi bilen tanyşdylar. Etrap merkezi kitaphanasynyň göçme kitap sergisi, Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisi, şeýle-de N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň şekillendiriş işleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Sergi gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimiziň beýanyna öwrüldi.

Röwşen GULOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy. SURATLARDA: dabaradan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.