Milli gymmatlyklara sarpa

27 Aprel 2021
905

Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» milli muzeýinde «Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy gymmatlyklarynyň sarpasy» ady bilen sergi guraldy. Sergide at esbaplaryna uly orun berildi. Ussat zergärleriň bedew atlar üçin deridir gönden taýýarlan maňlaýlyk, ýüzüne bölek-bölek kümüş şaýlary oturdylan göwüsbent, şeýle hem münüş atlar üçin ýasalan eýer, jylaw, üzeňňi, uýan, sözen agajyndan ýasalan gamçy ýaly dürli esbaplar görkezildi. Bedew atlarynyň we alabaý itleriniň nurana şekili siňdirilip ýasalan nakgaşçylyk eserleri sergini synlamaga gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide görkezilen ene-mamalarymyzyň yhlasy bilen taýýarlanan haly önümleri, at köýnekçeleridir eýerlikler, milli nusgalyklar pederlerimiziň bedew atlaryna bolan söýgüsini we yhlasyny beýan edýär.

Sergi zalynyň esasy bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy» atly kitaplary hem görkezildi. Bu eserler şan-şöhraty älem-jahana dolan behişdi bedewlerimiziň we alabaý itleriniň köpasyrlyk taryhyny açyp görkezmek bilen, häzirki döwürde olara berilýän ünsüň nusgalyk häsiýete eýedigini beýan edýär.

Maksat HYDYROW,
«Gökdepe» milli muzeýiniň direktory.