Bize ýazýarlar

28 Aprel 2021
747

HALKYMYZYŇ BUÝSANJY
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri alabaý itleri bilen ýakyndan gatnaşyk saklap gelipdir. Biziň ata-babalarymyz özleriniň itlerinde eýesine bolan wepadarlyk we gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri terbiýelemegi başarypdyrlar. Häzirki wagtda hem halkymyz alabaý itlerine gyzyklanyp, olar bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýarlar. Bu gyzyklanma diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ähli halklarynda giňden ýaýbaňlanýar. Alabaýlar türkmen halkynyň milli baýlyklarynyň biri hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alabaý itlerine örän uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň alabaý itleri barada ýazan «Türkmen alabaýy» atly kitaby sözüň doly manysynda şaýatlyk edýär. Bu kitap birnäçe dillere terjime edildi. Munuň özi türkmeniň alabaý itlerine bütin dünýäde uly baha berilýändigini subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby türkmen alabaýlaryny has-da çuňňur öwrenmekde uly gollanma bolup durýar. Çünki onda alabaýlaryň tohumynyň kemala gelşi, olaryň ösüşi barada uly ähmiýete eýe bolan birnäçe ylmy maglumatlar berilýär.

Ogulbibi ATAÝEWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri.