Maşgalada atanyň orny

26 Aprel 2021
1085

«Döwür we maşgala terbiýesi» atly makalalar toplumyndan

Halkymyzyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylýan döwründe maşgalada çaga dogry terbiýe bermek, ony ynsanyň nury didesine laýyk gelýän edep-ekram şirinliginden gandyrmak sogapdyr. Çünki ertirki günüň üstünlikleri we ýeňişleri, at-abraýydyr ynsançylyk mertebesi olaryň elindedir. Perzent terbiýesinde, olaryň ulalyp, kemally adamlar bolup ýetişmeginde ata-enäniň täsiri uludyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Ulalmak islegi diňe bir uly adamlara mahsus işleri berjaý etmek däl, eýsem, adamlaryň ykbalyna biparh garamazlyk, ýagşylyk edip göwnüň açylmagy ýaly isleg-arzuwlar bilen kämilleşýär. Şonda hem perzent üçin ata-enäniň orny edil ýaş daragta arassa akardan dup-dury suwuň barmagynyň zerurlygy ýalydyr. Çünki ol suw näçe arassa hem-de kadaly mukdarda bolsa, daragt gününi sanap ösýär hem gözüňi dokundyrýar. Şular barada oýlananymda, her bir ata-ene öz perzendiniň ykbalynyň Kuýaşy bolup durýar».

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».