Sürüjileriň işi ileri

28 Aprel 2021
728

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny we ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmenleridir sürüjileri şu günlerde öndürijilikli zähmet çekýärler. Olar erk edýän awtoulaglaryny saz işletmegiň hasabyna, gündelik iş meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýärler. Muny önümçilik birleşigi boýunça şu ýylyň geçen 3 aýynda gazanylan zähmet üstünligi-de aýdyň görkezýär: halka 8 million 495 müň manatlykdan gowrak hyzmat edilip, meýilnama 115 göterime golaý ýerine ýetirildi. Ýük daşamak tabşyrygy 500 müň tonna deň bolup, meýilnama 104,61 göterim, ýolagçy gatnatmak 6 million 630 müň ýolagça barabar bolup, tabşyryk 105,5 göterim boldy.

Häzirki wagtda ýolagçylary bökdençsiz gatnatmak bilen bir hatarda, önümçilik birleşigine degişli ýük göterijiligi 20 tonna bolan kuwwatly «KamAZ — 6520» kysymly ýük awtoulaglarynyň 100-e golaýy gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat aralygyndaky ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygynda iş alyp barýarlar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).