Ätiýaçlandyryş siziň ynamdar wekiliňizdir

28 Aprel 2021
673

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze, has oňaýly nusgasy kemala gelýär. Ähli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçmekde ätiýaçlandyryş ähli hojalyk işleriniň möhüm guraly bolup durýar.

Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen ätiýaçlandyryş edara görnüşli we şahsy taraplary maliýe, durmuş we beýleki ýagdaýlardan dürli görnüşli tebigy betbagtçylyklardan we betbagtçylykly hadysalardan goramaga ukyply serişdeleriň birine öwrülýär. Ätiýaçlandyryş ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň netijeli usullaryny üpjün edýän uzak möhletli içerki maýa goýumlarynyň artmagynyň, şeýle hem, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynyň mundan beýläk-de ösmeginiň ygtybarly çeşmesi bolup durýar.