«Bedewler biziň bagtymyzyň badalgasy»

28 Aprel 2021
854

«Lapykeç bolup, kellesi agyryp, bedeni bogun-bogun söküldi, saglygyny ýitirip başlady. Ýüregi gysyp, janyna jaý tapmady, dünýä sygmady. Onuň derdini dep etjek bolup edilen emler hem peýda bermedi. Dünýäde bedewe söýgüden näsaglanylýandygy heniz olaryň tejribesinde ýokdy. Jennet şonda bedewleri görmekden başga hiç zady islemedi. Ony gyzykdyryp, dünýä öňki yhlasyny gaýtaryp bilýän güýç ýokdy. Ýöne ataň-eneň ýüzüne gelmek hem akylyna sygmaýardy. Daşynda pelesaň urýan mähribanlaryna gyz bu ýagdaýy doly aýdyp biljekmi?!

...Jennetiň düşen gününi eşidip, nähilidir bir ýol bilen gyzyň kakasyna düşündirmeli diýen karara geldim. Ýöne gyzyň kakasyna muny nähili ýagdaýda düşündirmeli, öňdäki wezipe hem şondady. Perzendiň, onda-da gyz maşgalanyň geljegi barada ata-enä daşyndan özge biriniň baryp maslahat bermeginiň nähili kabul ediljekdigi belli däldi. Ýöne ahyrynda gyzyň ykbaly şuny talap edýärdi. Hawa, türkmençilikde iňňän paýhaslylyk bilen ylalaşyk gazanylmagyna töwella diýilýär.

Söhbetdeş bolan Sülgün BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».