Täzelikler, habarlar

28 Aprel 2021
780

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRELERI
Welaýat köpugurly hassahananyň mejlisler zalynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň, Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçileri Tawus Ýagmyrowa, Selbi Saparnazarowa, saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Jennet Hallyýewa, Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölüminiň uly gözegçisi Akmyrat Mosanow dagy çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda halkymyzyň köp ýyllaryň dowamynda gazanan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Pederlerimizi bu ajaýyp ýörelgelerine eýerilip, ajaýyp zamanamyzda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, sagdyn, Watana wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent bolup ýetişmekleri barada alnyp barylýan işler, ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi barada nygtadylar. Soňra halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy, ýurdumyzyň abraýynyň has-da beýgelmegi ugrunda belent tutumlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Mämmet BORJAKOW,
welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, KA-nyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.