Milli gymmatlyga sarpa

28 Aprel 2021
947

Halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet ähmiýetli möhüm işleriniň biridir. Bu babatda türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk işiniň has-da ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaralara beslenen gününde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda merkezleri açyldy. Şu mynasybetli welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda, ilki bilen, welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow hoşallyk sözleri bilen çykyş etdi.