Sagdynlygyň gözbaşy

28 Aprel 2021
713

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş neslimizi sporta köpçülikleýin çekmek maksady bilen, hormatly Arkadagymyzyň sporty ösdürmekdäki tagallalaryna jogap edip, etrabymyzyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebinde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäklerinde ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramazlygynyň öňüni almak üçin mekdebimizde ýygy-ýygydan wagyz-nesihat işlerini geçirip durýarys. Okuw-türgenleşik sapaklaryna gelýän türgenleriň gündelik beden gyzgynyny barlap durýarys. Burun nemlerine oksolin mazyny çalyp, ellerini zyýansyzlandyryş serişde bilen zyýansyzlandyrmagy talaba laýyk ýola goýýarys.

Tälimçi mugallymlaryň arasynda aralyk ölçegini saklamalydygyny we elleriňi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmalydygyny, agyz-burun örtükli gezmelidigini düşündirýäris. Sport mekdebimiziň zallarynda saglyk burçy döredilen. Mekdebimiziň otaglary we pollary zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen günüň dowamynda 2 gezek ýuwlup, gapylaryň tutawaçlarynyň süpürilip durulmagyny gazanýarys. Sport mekdebiniň otaglary we sport zallary howa şertlerine laýyklykda, her iki sagatdan ýelejiredilýär we okuw-türgenleşik sapaklary başlanmazdan öň üzärlik tütedilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan uly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!