Çeper elli halyçylar

27 Aprel 2021
994

Ýakynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda yglan edilen baýramçylyk bäsleşiginiň bu tapgyryna onuň ýerli tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşyjy halyçy zenanlar muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Muzeýiň sergi zallaryny bezeýän, buýsançly taryhymyzdan söhbet açýan gymmatly tapyndylar olarda ýakymly täsirleri döretdi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige gatnaşyjy zenanlara degişli şertler boýunça ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilikler döredildi. Olaryň bäsleşigiň «Türkmeniň kalby — türkmen halysy», «Gadymy we müdimi sungat», «Kesbi-kärim nesillere görelde» diýlip, atlandyrylan şertler boýunça ýerine ýetiren çykyşlary uly gyzyklanma eýe boldy. Çeper elli halyçylaryň hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserlerinden ugur alyp, türkmen halylarynyň we haly önümleriniň taryhy, olaryň Ahal welaýatyna mahsus nusgalarynyň aýratynlygy barada gürrüň bermegi, haly nagyşlarynyň taryhy bilen baglanyşykly rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary ýerine ýetirmegi bäsleşigiň ähmiýetini artdyrdy.

Akgözel HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar.