"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Guýulary özleşdirmegiň usullary

Nebitgaz senagatynda çendenaşa pes gatlak basyş we ýokary gatlak temperatura şertlerinde guýular burawlanandan we guýularda düýpli bejeriş işleri geçirilenden soň, önümli öýjüklik giňişliginiň hapalanan ýagdaýlarynda çuň gatlaklardan gazyň akymyny çagyrmakda we guýulary özleşdirmekde päsgelçilikler ýüze çykyp bilýär. Häzirki wagtda bu ýagdaýda guýulary özleşdirmegiň birnäçe usullary bar. Şeýle usullaryň biri ýokary basyşly kompressoryň ýa-da ýokary basyşly gazyň kömegi bilen suwuklygyň dykyzlygyny peseltmek we guýudan suwuklygy çykarmak boýunça guýulary özleşdirmek bolup durýar. Bu usulyň esasy kemçilikleriniň biri guýulary özleşdirmekde onuň netijeliliginiň pesligidir. Bu usuly diňe çuň bolmadyk guýularda ulanmak bolýar.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE Ýaş alym Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki simwoliki aýratynlyklary öwrendi

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi ýaş alymlar üçin täze ylmy pikirleriň döremeginde aýratyn möhüm bir nusga bolup durýar. Ine, Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Güýçmyrat Abdyýew hem öz ylmy gözleglerinde şahyryň döredijiliginiň çuňluklaryndan ylham alyp, türkmen halkynyň simwolika, metafizika, we aryflyk ýaly ugurlardaky baý medeniýetine täzeçe garaýyşlar bilen çemeleşipdir. Ýaş alymyň bu gözlegleri ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde üstümizdäki ýylda üçünji orna mynasyp boldy. Ýaş alym öz ylmy işinde Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserlerinde metafiziki düşünjeleriň nyşana alnyşyna aýratyn üns berýär. Onuň ylmy gözlegleri halkymyzyň ruhy gözýetimindäki çuňňur manylary açyp görkezmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle ylmy işleriň, hususan-da, ýaş alymlaryň ylmy çemeleşmeleri arkaly durmuşa geçirilmegi häzirki zaman türkmen dilini we filosofiýasyny giňden ösdürýär.

Ösen tehnologiýa — döwrüň talaby

Düýn Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahat bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen guraldy. Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişi güwänamasy arkaly tassyklanylmagy onuň giň dünýäde ykrar edilýändiginiň alamatydyr. Maslahata Türkiýeden, Özbegistandan, Malaýziýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Rumyniýadan, Günorta Koreýadan, Russiýadan, Belarusdan, Beýik Britaniýadan 22 sany alym, professor-mugallymlar we ýokary tehnologiýalar, «akylly» şäherler, emeli aň we kiberhowpsuzlyk babatda işleri alyp barýan daşary ýurtly kompaniýalaryň ýolbaşçylary geldiler. Şeýle hem 15-e golaý döwletden 30-dan gowrak alymlar, professor-mugallymlar göni aragatnaşyk arkaly onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Şeýle-de Türkme

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmeklige ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralarynyň döredilmegi, mekdep-gimnaziýalarynyň işe girizilmegi hem möhüm wezipeleriň hatarynda öňe sürülýär. Häzirki günlerde paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumy we umumy ýaşaýyş jaýy bilen birlikde welaýat merkezimizde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Ýylyň-ýylyna iň çetki obadyr şäherlerimizde hem häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň işe girizilmegi ata Watanymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

Dürdäne şygyrlarda Watan waspy

Özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat kowmunyň öňünde bitiren hyzmaty ölçärden juda uludyr. Magtymgulynyň keşbi mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr hökmünde kalbymyzda hemişe örboýuna galyp dur. Watançylyk, gahrymançylyk äheňli goşgular söz ussadynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dana şahyr Watanyny janyndan eý görüpdir, söýüpdir, ezizläpdir. Gözleriniň garasyna deňäpdir. Şahyr öz ilini uçursyz söýşi, apalaýşy, baýdak edişi ýaly, onuň uly geljegine umytly garapdyr. Bu ýörelge şahyryň şu goşgy setirlerinde aýdyň beýanyny tapýar:

Ýokary okuw mekdebimiz ― abraýly sanawda

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça «UI GreenMetric World University Ranking» reýtingine girdi. Bu reýting ýokary okuw mekdepleriniň daşky gurşawy goramak, energetika, howanyň üýtgemegi, galyndylary dolandyrmak, ulag we durnukly ösüş babatdaky gazananlaryny bahalandyrýar. Şu ýyl reýtinge 95 döwletden ýokary okuw mekdepleriniň 1477-si girizildi. «UI GreenMetric World University Ranking» ýokary okuw mekdeplerine durnukly ösüş maksatlaryna esaslanýan birnäçe görkeziji boýunça baha berýär. Hususan-da, ol ýokary okuw mekdebiniň infrastrukturasyny, ylmyň we gözlegleriň alnyp barlyşyny göz öňünde tutýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu ugurlar boýunça netijeli işler alnyp barylýar, bu bolsa institutyň halkara reýtingde mynasyp orny eýelemegine mümkinçilik berdi.

Kalba dolan buýsanjyň beýany

Okuw ýyllary bahar bilen tomsuň sepgidinde tamamlansa-da, her ýylyň çalşygynda bilim işgärleri geçilen menzillere syn salyp, ýetilen sepgitleri, edilen işleri seljerýärler. Şol seljermeler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň, edil şahyryň öz şygyrlary ýaly, hümmetli we gymmatly ýyl bolandygyny görkezýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň bilim işgärleriniň uly toparynyň hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna hem-de ýadygärlik nyşanlaryna mynasyp bolmagy hem görkezýär. Şanly ýylda akyldar şahyryň mertebesine döredilen medalyň eýesi bolmak her bir watandaşymyz, şol sanda, bilim işgärleri üçin hem belent mertebedir.

Döwrebap ösüşleriň binýady

Alym Arkadagymyz ýurdumyzda alnyp barylýan ähli işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan bolmalydygyny aýratyn belleýär. Çünki hut şeýle çemeleşme bilen edilen işler ösüşlere ýol açýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýoly mynasyp dowam etdirýär. Ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini has-da çaltlandyrmaga gönükdirilen wezipeler döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Şol wezipelere üstünlikli amal etmek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda hem köp ugurlar boýunça düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Binýatlaýyn we amaly ylymlaryň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi gazanmagyň, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistanda häzirki döwürde bu babatda alnyp barylýan işler nusgalykdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan howpsuz we ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak üçin amatly şertler döredilýär. Himiýa institutynda alnyp barylýan işleriň hatarynda Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ekologiýasy, sement önümçiliginiň netijeliligini ýok

Ylym — ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlara döwrebap terbiýe bermek asylly ýörelgä öwrüldi. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ylmy taýdan esaslandyrylyp, ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny berkitmekde döwlet tarapyndan goldaw berilýär, bu ugurda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ylym ösüşiň berk binýady hasaplanýar. Çünki jemgyýetçilik aňynyň iň çalt ösýän görnüşi ylymdyr. Häzirki zaman ylmy örän uly ösüşlere eýe bolýar, nanotehnologiýanyň döwrebap ugurlary barha kämilleşýär. Şunda ylmyň gazananlaryny halk hojalygyna ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda ylmyň ornuny ýokarlandyrmak baş maksat bolup durýar. Munuň özi diňe bir ylmyň ösmegine däl-de, jemgyýetçilik aňynyň has-da kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilimiň ösmegine uly üns berilýär. Esasan hem, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmekde maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Ýaş alymlaryň dünýägaraýşynyň has-da kämil bolmagy bu babatda ýola goýulýan işleriň netijeliligini aýdyň beýan edýär. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-tehniki işleriň esasy ugruny kesgitleýär.

Biz dün­ýä­ni öz­gert­mek üçin do­gul­dyk

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Halk ara­syn­da köp pi­kir­le­nip, kel­lä­ňe ar­tyk­maç ag­ram sal­ma­gyň sag­ly­gy­ňa zy­ýan ýe­tir­ýän­di­gi­ne ýa-da ada­my «dä­li­red­ýän­di­gi­ne» de­giş­li her dür­li ynanç bar. Bu ynanç­la­ra gö­rä, eger adam bir za­da ýa-da bir­nä­çe za­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip, beý­ni­si­ne ag­ram sal­sa, beý­ni­niň mu­ňa güý­ji ýet­män, oňa ze­per ýet­ýär­mi­şin hem-de wag­tyň geç­me­gi bi­len bu ze­per se­bäp­li adam öz-özi bi­len gep­le­şip ug­ra­ýar­my­şyn. Soň­ra ol beý­le­ki adam­lar bi­len gep­leş­män, hat­da adam­lar­dan ga­çyp baş­la­ýar­my­şyn. Mu­ňa gep­le­şik di­lin­de «ylym ur­ma­gy» di­ýip at ber­ýär­ler. Ylym ur­ma­gyn­dan köp ki­şi gork­ýar. Onuň öňü­ni al­mak üçin bir za­da örän köp kel­lä­ňi agyrt­ma­ly däl­di­gi­ne ynan­ýar­lar. Bu­lar dog­ru­my? Ha­ky­kat­da­nam, ylym ur­ýar­my?

Halkara olimpiadanyň ýeňijileri mälim edildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan fizika boýunça geçirilen IV halkara internet olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi. Onda talyplaryň 117-si baýrakly orunlary eýeledi. Olimpiadanyň düzgünnamasyna görä, 30 we ondan ýokary utuk alan talyplar birinji ornuň eýeleri boldular. Şunda iň ýokary utugy Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň talyby Jasur Jamolowyň eýeländigini aýtmak gerek. Ol berlen meseleleri takyk işläp, 36 utuk toplap bildi. Birinji orny eýelänleriň arasynda olimpiadany guraýjy ýokary okuw mekdebinden Annajemal Dädebaýewa bar. Ol 34 utuk toplady. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet, Ufa döwlet nebit tehniki, S.Aýni adyndaky Täjik döwlet mugallymçylyk, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk, M.Ý.Ýewsewýewa adyndaky Mordowa döwlet mugallymçylyk, Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetlerinden, Türkmen oba hojalyk, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutlaryndan gatnaşan talyplar birinji ornuň eýeleri boldular.

Isleglerimiz myradyna gowuşýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýyly diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýy­ly­myz da­na Py­ra­gy­nyň gy­zyl­dan gym­mat­ly dö­re­di­ji­li­gi­ni çuň­ňur öw­ren­mek­de we dün­ýä ýaý­mak­da iň ne­ti­je­li ýyl­la­ryň bi­ri hök­mün­de şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da öç­me­jek yz goý­ýar. Akyl­dar şa­hy­ryň ýurt ber­ka­rar­ly­gy, hoş­me­ýil­li goň­şu­çy­lyk we dost-do­gan­lyk bi­len bag­ly ýü­rek ar­zuw­la­ry­nyň wy­sa­ly bo­lan Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gahryman Arkadagymyzyň Mag­tym­gu­ly Pyragynyň ede­bi mi­ra­sy­ny top­la­mak­da, yl­my esas­da öw­ren­mek­de, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň syn­maz sü­tün­le­ri­ne öw­rü­len mö­hüm sy­ýa­sy-fi­lo­so­fik, jem­gy­ýet­çi­lik, yn­san­per­wer­lik, ru­hy-ah­lak ga­ra­ýyş­la­ry­ny wa­gyz et­mek­de we dur­mu­şa ge­çir­mek­de bi­ti­ren gör­nük­li hyz­mat­la­ry üçin Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy bi­ziň her bi­ri­mi­ziň ba­şy­my­zy Gö­ge ýe­tir­di. Milli Liderimize Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň gowşurylmagy —bu ulus-ilimiziň isleginiň myradyna gowuşmagydyr. Bu şat­lyk­ly wa­kalar şöh­rat­ly ýy­ly­my­zyň, gal­ky­nyş­ly döw­rü­mi­ziň şa­ny­na-şan goş­mak bi­len, türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry­na bo­lan sy­lag-sar­p

“Ynsan ýaşaýşyna ylym derwaýys”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp oruna eýe boldy. Şeýle innowasion tehnologiýalary öwrenmek we olardan doly baş alyp çykmak üçin köp okamaly, şeýle-de dünýäniň dürli dillerini düýpli öwrenmeli. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Täze eýýamda ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdymyzda ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmäge-de uly mümkinçilikler döredýär. Ösen dilleri bilmek, dünýä ylmyny öwrenmäge giň ýol açýar, dünýägaraýşymyzy has giňeldýär. Çünki, tehnikanyň, tehnol

Tehniki ylymlaryň doktory Irina Lurýewa redaksiýamyzda myhmançylykda

Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän nebitgaz pudagy, aýratyn-da, dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamak wezipesi innowasion çözgütleriň yzygiderli ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu ulgamyň hünärmenleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözýärler. «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn öwrenmek we ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalary düzmek» bölüminiň «Galkynyş» gaz känini işläp geçmek we halkara gaz geçirijileri» barlaghanasyna ýolbaşçylyk edýän tehniki ylymlaryň doktory Irina Iliniçna Lurýewanyň alyp barýan işleri aýdylanlara mysaldyr.

Bäsleşigiň üçünji ornuna mynasyp boldy

Halaç etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Rozymyrat Ýagşymyradow Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen «Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşikde üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşige ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 7–12-nji synp okuwçylaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşikde ýaş taslamaçylar «Akylly öý» we «Robototehnika» ugurlary boýunça işlerini görkezdiler.

Zehiniň, zähmetiň sazlaşygy

Okanyňda oýlandyrýan, öňden bar bolan düşünjäňi baýlaşdyrýan, seni-de döretmäge hyjuwlandyrýan kitap kitaplaryň naýbaşysydyr. Ine, pedogogika ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň ussat mugallymy Çary Gurbangeldiýewiň «Ýagşyny älem arzuwlar» we «Halk ýamanyň bizarydyr» atly kitaplary-da şeýle neşirleriň hilinden. Ady agzalan kitaplar akyldar şahyr, türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Turuwbaşdan kitaplaryň awtory barada kelam agyz. Çary Gurbangeldiýew Türkmenistanyň orta mekdepleri we mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleri üçin «Fizikadan» 40-a golaý okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlan awtorlaryň biri, şeýle-de ol orta mekdepde fizikany okatmagyň usulyýeti boýunça hem-de terbiýeçilik, ylmy-edebi mazmunly onlarça makalalaryň awtorydyr. Çary Gurbangeldiýew ömrüniň 50 ýyl çemesini ýaşlara ylym, bilim bermäge, okuw neşirlerini taýýarlamaga sarp etdi. Häzirki döwürde, hormatly dynç alyşda, muňa garamazdan, ol on iki ýyllyk orta mekdepleriň okuwçylary üçin fizikadan okuw kitaplaryny taýýarlamak işini we döredijilik bilen meşgullanmagyny dowam etdirýär. Biz Çary Gurbangeldiýew bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bile işledik. Köp taraplaýyn bilimli, örän zähmetsöýer Çary Gurbangeldiýew sypaýy, medeniýetli, agras şahsyýet. Kelç-külçlügi hala

Ylym ösüşleriň gözbaşydyr

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletiň, jemgyýetiň kämilliginiň ylym-bilimiň ösüşi bilen baglanyşdyrylmagy ýöne ýere däldir. Şonuň üçin täze taryhy eýýamda ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy ýurduň geljekki ösüşini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar».

Beýik döwürden ruhlanýan halypa nebitçi

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ylmy-barlag institutlarynda halypa alymlaryň, inženerleriň ençemesi beýik döwrüň ruhundan galkynyp, ýadawsyz zähmet çekýär. Olar nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan işleri ösdürmekde, täze taslamalary durmuşa geçirmekde ylmy işgärlere we ýaş hünärmenlere halypalyk goluny uzadýan tejribe, görelde mekdebidir. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medalynyň eýesi Saparmyrat Artykow uzak ýyllardan, has takygy, ýarym asyra golaý wagt bäri biregne şol bir edarada, ýagny ýokarda agzalan ylmy merkezde zähmet köpçüliginiň, kärdeşleriniň sylag-sarpasyndan peýdalanyp, üstünliklerden ruhlanyp işläp gelýär. Onuň kärdeşleri bilen bilelikde alyp barýan işleri barada aýdylanda, Günbatar Türkmenistanyň nebitgaz känlerinde köp ýyllardan bäri özleşdirilýän nebitgazly guýularyň önümliligini artdyrmak, guýularyň önüminiň suwlanmagynyň, çäge gelmesiniň öňüni almak hem-de guýularyň işlemegine päsgel berýän beýleki ýagdaýlaryň garşysyna göreşmek işleri üznüksiz ýerine ýetirilýär. S.Artykow bölümiň hünärmenleri bilen oýlap tapmalaryny önümçilige ornaşdyryp, nebit guýularynda synag işlerini geçirip, önümçilik bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.

Günorta-Günbatar Türkmenistanyň nebitgaz gorlarynyň uly ätiýaçlyklarynyň özleşdirilişi

Günorta-Günbatar Türkmenistanyň territoriýasy Balkanýaka we Gögerendag-Ekerem göterilmeleri, Gyzylgum we Kelkör bükülmeleri ýaly esasy tektoniki elementlerden durýar. Balkanýaka tektoniki zolagy aňrybaş gorlara eýedir we 100 ýyldan gowrak wagt bäri onuň känleri ýokarky we orta plioseniň kesimlerinden nebit we gazyň uzak wagtlap işlenip geçirilişinde ýerleşýär. Agtarylmadyk serişdeler çuňlukda ýatan aşaky gyzylreňkli (5 kilometrden gowrak) we gyzylreňkliden aşaky (miosen we mezozoý — 5,5 — 8 kilometr) çökündilerde jemlenendir. Şu wagta çenli orta plioseniň gyzylreňkli gatlaklygy we onuň açylmadyk bölegi nebitiň, gazyň gözlegi, agtarylyşy üçin ilkinji nobatdaky obýektler bolup galýar. Açylan gorlary ulanyşa dessine girizmäge mümkinçilik berýän, ösen infrastrukturanyň netijesinde agtaryşy köne känleriň entek barlanylmadyk bloklarynda we uzakdaky periklinal böleklerinde alyp barmak ykdysady taýdan peýdalydyr. Ýataklary gözlemek üçin mysal hökmünde Sapygaralyk epinini getirmek bolar, ol örän uly Goturdepe gurluşynyň aýratyn tektoniki blogy bolup durýar.

Ylym ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy: möhüm wezipeler, aýdyň maksatlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň, täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, önümçilik kärhanalary bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Toplanan tejribelerden ugur alnyp taýýarlanan we 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy» ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýa