Zehinliler ýüze çykaryldy

28 Aprel 2021
927

Golaýda welaýat Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdepleriniň 5-nji we 7-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Solfedjio we saz nazaryýeti», «Daşary ýurt saz edebiýaty», «Türkmen saz edebiýaty», «Türkmen milli ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy» derslerinden «Arkadagly ýurdumyzda saz sungatyň dilde dessan, zehinleriň şat saýraýar, ajap ýurdum Türkmenistan!» ady bilen yglan edilen olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli okuwçylar gatnaşdylar. Olimpiada çekeleşikli hem-de täsirli geçdi. Sungata höwesli ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna itergi berýän bu bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijesine görä, «Solfedjio we saz nazaryýeti» dersi boýunça 5-nji synp okuwçylaryň arasynda 1-2-3-nji orunlara, degişlilikde, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky, welaýat, Köneürgenç etrabyndaky çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary Hajynur Jumadurdyýewa, Humaý Hallyýewa, Aknur Taganowa, 7-nji synp okuwçylaryň arasynda 1-2-3-nji orunlara, degişlilikde, welaýat, Daşoguz şäherindäki 2-nji, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary Azada Dilşodowa, Sähra Annagurbanowa, Maksat Durdymyradow dagy mynasyp boldular.

«Daşary ýurt saz edebiýaty», «Türkmen saz edebiýaty», «Türkmen milli ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy» atly dersler boýunça 5-nji synp okuwçylaryň arasynda 1-2-3-nji orunlary, degişlilikde, S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky, Daşoguz şäherindäki 2-nji,  welaýat çagalar sungat mekdeplerinden Risolat Seýtäkowa, Aýgözel Kulyýewa, Arslan Şaripow, 7-nji synp okuwçylaryň arasynda 1-2-3-nji orunlary, degişlilikde, welaýat, Akdepe etrabyndaky, Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdeplerinden Näzli Berdiýewa, Meýlis Amanow, Asal Ruslanowa dagy eýelemegi başardylar. Ýeňijiler welaýat Medeniýet müdirligi hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Mahym ATAÝEWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň direktory.