Hoşallyk maslahaty geçirildi

27 Aprel 2021
746

ÖŇŇIN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde alabaý itleriniň Karantin merkeziniň açylmagy bilen baglanyşykly geçirilen hoşallyk maslahatyna ýaşlar, dili senaly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdy. Goşa senäniň toý dabaralarynyň şatlyk-şowhuna beslenen günlerinde ýurdumyzyň hormatly atlaryna hem-de Şa serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiz bu dabaraly çäräniň arzyly myhmanlary boldular.

Hoşallyk maslahatynda, ilki bilen, Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Nurýagdy Hommadow çykyş edip, etrabyň gözel künjeginde alabaý itleri üçin Karantin merkeziniň gurulmagynyň hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyza goýýan çäksiz sarpasyndan nyşandygyny aýtdy hem-de bu desganyň ähmiýeti barada durup geçdi. Onuň aýdyşy ýaly, milli baýlygymyz we buýsanjymyz bolan alabaýlary saklamakda we ösdürmekde, itşynaslygyň toplumlaýyn düzümini kemala getirmekde täze merkeziň ähmiýeti uludyr.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: hoşallyk maslahatyndan pursatlar. Surata düşüren awtor.