Gaýratly, dogumly hem wepaly

26 Aprel 2021
804

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli gymmatlyklary hakynda söhbet açýan her bir eseri taryhy maglumatlara, ylmy çeşmelere baýlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Eziz Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda milli gymmatlygymyz bolan alabaýlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň edilýär. Ajaýyp eserdäki: «Türkmen alabaýlary wepalylygyň, edermenligiň, sagdynlygyň ýaranydyr», «Alabaý iti türkmeniň aslyna, özenine kybapdaşdyr» diýen çuň paýhasa ýugrulan sözler türkmen durmuşynda alabaý itleriniň nähili ornunyň bolandygyny görkezýär. Taryhyň dowamynda türkmen alabaýlary wepalylygyň, ýanbermez edermenligiň nusgasyny görkezip gelipdirler.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe alabaý itlerimize sarpa goýulýar, itçilik pudagyny ösdürmek, alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamak, dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler geçirilýär. Şeýle-de gadymy seýislik sungaty ösdürilip, alabaý itlerini idetmegiň we ýetişdirmegiň nusgalyk usullary ýaş nesillere öwredilýär.

Pirmuhammet MUHAMMETGURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.