"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

AOG-niň Baş Assambleýasy

Türkmen wekiliýeti golaýda geçen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Tailandyň Bangkok şäherinde geçen Baş Assambleýanyň çäginde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidentiniň hem-de Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Onuň işi Milli Olimpiýa komitetleriň 45-siniň wekiliýetlerinden başga-da, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda geçdi. Şol ýerde bolan milli wekiliýete Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi Ata Akmämmedow agzalyk etdi.

Sagdyn jemgyýetiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport täze derejä çykarylyp, bu ugurdaky milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. edenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär. Bu ugurda «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, «Türkmenistanda

Bedenterbiýe we sport

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi bilen bilelikde türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikleri gurady. «Gökdere» jülgesinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen şowhunly ýaryşlar «Sport sagdynlygyň girewidir» diýlip atlandyryldy. Bu ýerde tanap çekmek, keçe-keçe hem-de mergenlik oýunlary ýaly meşhur milli görnüşlerimizden ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalar bu ýaryşa uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Bäsleşikleriň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sport desgalarynyň hyzmatlary sanly giňişlikde

Ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak ugrunda amal edilýän ähmiýetli ädimleriň sport ulgamyny hem gurşap almagy türkmen sportuny ösdürmegiň, Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň ýolundaky beýik işleri täze öwüşgine besleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, durmuşa geçirilýän işler ulgamyň mümkinçilikleriniň jemgyýetimizde ykjam ornaşdyrylmagynda möhüm orny eýeleýär. Şeýle ähmiýetli işleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň netijesinde ýetilen sepgitleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan döwlet syýasatynyň mynasyp dowam etdirilmeginiň netijesinde döredilýän giň şert-mümkinçilikleriň miwesidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň resmi web-saýtynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde sport ulgamynyň ýeten belent sepgitleri sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly giňden şöhlelendirilýär. Bu ýerde türkmen sportunyň üstünlikleri ýokary derejedäki fotoreportažlaryň hem-de žurnalistikanyň dürli žanrlarynyň üsti bilen watandaşlarymyza hödürlenilýär. Resmi web-saýtyň mümkinçilikleri Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwl

Futbol täzelikleri

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 24-nji awgustda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Gündogar hem-de Günbatar zolaklarynyň bije çekişlik dabarasynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Bije çekişlik dabarasy Kuala-Lumpur şäherinde Aşgabat wagty bilen 13-00-da başlanar. Geçiriljek bije çekişligiň netijesinde dört topardan ybarat bolan toparçalaryň 10-sy emele geler. Toparçalaýyn bäsleşik alty tapgyrdan ybarat bolup, ol şu ýylyň 18-nji sentýabry bilen 13-nji dekabry aralygynda dowam eder. Toparlaryň hemmesi hem toparçalaýyn bäsleşikde üç duşuşygy öz meýdanynda, üç duşuşygy bolsa myhmançylykda geçirer.

Kämillige gol berýän topar

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda döredilýän şertleriň netijesinde sport ulgamy täze derejä çykýar. Diňe bir professionallaryň däl, eýsem, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda hem sporty hemra edinip, ýokary netijeleri gazanýanlaryň hatary barha artýar. Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň netijelerini ýyl-ýyldan ýokarlandyrýan futzal toparynyň üstünlikleri hem munuň aýdyň mysalydyr. Topary bilen bagry badaşan tälimçi

Yssy howada saglygyňyzy goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem, lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler:

Şatlykly günleriň gujagynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümi şatlykly, şowhunly, gyzykly we ýatda galyjy wakalara beslenýär. Bu hakykat Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem bütin aýdyňlygy bilen dabaralanýar. Merkeziň her güni çagalaryň ir säher bilen nyzama düzülip, beden maşklaryny ýerine ýetirmekleri bilen başlanýar. Bu ýere dynç almaga gelýän çagalar günüň bütin dowamynda guralýan dürli döredijilik bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Küştüň taryhyna giren waka

Taryhy maglumatlar bilen gyzyklananyňda, geçmişde ýaşap geçen meşhur şahsyýetleriň hatarynda beýik türkmen küştçüleri bilen baglanyşykly buýsandyryjy wakalara hem duş gelýärsiň. Biz bu gün şolaryň birini gysgaça teswirlemek isleýäris. Arap halyfatlygynda küşte diýseň uly gadyr goýulýan eken. 902 – 908-nji ýyllarda bu halyfatlykda hökümdarlyk eden al-Mukdary hem küştüň ölemen janköýerleriniň biri bolupdyr. Ol şol döwrüň deňsiz-taýsyz hasaplanylýan küştçüsi Mawerdini öz köşgünde saklap, onuň oýunlaryna dünýäni unudyp, tomaşa edipdir, ondan ruhy lezzet alypdyr. Halyf nirededir bir ýerde güýçli küştçi döräpdir diýen habary eşitse, ony hökmany ýagdaýda öz küştçüsi bilen oýnadar eken. Gepiň gysgasy, Mawerdi onuň örän hormatlaýan, guwanýan küştçüsi bolupdyr.

Welaýatlardan habarlar

Balkan welaýatynyň kitaphanasynda «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen dabarada çykyş edenler täze neşiriň Arkadag şäheri barada gymmatly gollanma bolandygyny buýsanç bilen nygtadylar. «Geljegiň şäheri» bolan Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan täze neşirde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlaryň täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagynyň özüne çekiji bolandygy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.

Taryhda şu gün

Öz döwrüniň adygan futbolçysy hökmünde tanalan Enrike Guaýteniň doglan güni şu gün bilen senelenýär. 1910-njy ýylyň 15-nji iýulynda Argentinanyň Nogae şäherinde doglan Enrike Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş eden az sanly argentinaly futbolçylaryň hataryna girýär. Ol 1934-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda Italiýanyň milli ýygyndysy bilen ýeňiş gazanmagy başarýar. Karýerasynyň agramly bölegini «Roma» toparynda geçiren bu hüjümçi 1934/35 -nji ýyllaryň futbol möwsüminde Italiýanyň çempionatynyň iň köp top geçiren futbolçysy bolmagy başarýar. Karýerasynyň soňky ýyllaryny Argentinanyň «Rasing» hem-de «Estudiantes» toparlarynda geçiren Enrike bu ýurduň ýygyndy topary bilen 1937-nji ýylda Günorta Amerikanyň çempionatynyň (1937-nji ýyl) ýeňijisi bolýar.

Türkmenistan – sport ýurdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramyna uly üstünlikler, berkararlygymyzyň binýadyny barha berkidýän ösüşler bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzünde sport ýurdy hökmünde ykrar edilmegine getiren belent abraýy bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde täze belentliklere göterilýär. Türkmen türgenleriniň ýurdumyzyň sport abraýyny pugtalandyrmak babatda edýän tagallalary hem öz ajaýyp miwesini berýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biziň ýurdumyz diňe bir iri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, iri halkara ýaryşlary geçirmäge mümkinçiligi bar bolan döwlet hasaplanýar. Geçen döwrüň içinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülendigine aýdyň şaýatlyk etdi. Ginnesiň rekordlar kitabynda iki sany desgasy orun alan Olimpiýa şäherçesinde 40-dan gowrak dürli desga bolup, olarda türkmen türgenleriniň türgenleşmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr» diýen dürdäne sözleri hem aňryýany bilen tassyklaýar.

Mergeniň altyn medaly

Iýulyň ilkinji günlerinde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen Gusman Kosanowyň ýadygärligine bagyşlanan ýeňil atletika boýunça halkara ýaryş sportuň şu görnüşinden milli mekdebimize nobatdaky ajaýyp netijäni getirdi. Ýaryşyň birinji gününde ýekedaban zyňmak boýunça bäsleşige çykan zehinli ýeňil atletikaçymyz Mergen Mämmedow uly üstünlige ýetdi. Ýekedabany iň uzak aralyga zyňmagyň hötdesinden gelen Mergen altyn medala eýe boldy. Onuň görkezijisi ýygyndy toparlarymyz tarapyndan 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän günleriň möhüm netijeleriniň birine öwrüldi. Çünki ýeňil atletika ýurdumyzyň türgenleriniň birnäçe ýyl bäri Olimpiýa oýunlarynda çykyş edip gelýän görnüşidir.

Möhüm ähmiýetli çäre

Sişenbe güni paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Içeri işler ministrligi hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda neşekeşlige we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Bütindünýä güni mynasybetli geçirilen çäre diýseň ähmiýetli boldy. Oňa ýaşlaryň köp sanlysy gatnaşdy. Bu çäräniň baş maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini giňden wagyz etmekden, bedenterbiýäniň we sportuň meşhurlygyny artdyrmakdan, parahatçylygyň hem-de gender deňliginiň many-mazmunyny şöhlelendirmekden ybaratdyr.

Üstünlige beslenen aý

Tamamlanan aý Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň türgenleri üçin diýseň ajaýyp netijelere beslendi. 5 – 11-nji iýun aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen sambo hem-de söweş sambosy boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda 5 medalyň gazanylmagy bilen başlanan üstünlikli ýol soňlugy bilen jiu-jitsudan Almatydaky möhüm synaga uzap gitdi. Şol Aziýa çempionatynda jiu-jitsu boýunça türkmenistanly ussatlar jemi 31 medala eýelik etdiler. Şolaryň 22-si müdirligimiziň türgenlerine degişlidir. Olaryň ählisiniň Rüstem Imamgulyýewiň şägirtleridigini hem bellemelidiris. Bu netijeler Saýara Awezmetowa (50 kg), Aýsoltan Garçowowa (70 kg-den ýokary agram), Jelilmuhammet Hojamyradow (77 kg), Ahmet Taňryberdiýew (63 kg), Isa Kasymow (70 kg), Kaýumberdi Döwletow (80 kg), Yslam Öwezow we Muhammedaly Gurbanow (ikisi-de 65 kg), Musa Kasymow (52 kg) hem-de Rüstem Imamgulyýew (92 kg-den ýokary agram) tarapyndan gazanyldy. Bu türgenleriň birnäçesiniň 2 ýa-da 3 medal gazanmagyň hötdesinden gelendigine hem ünsi çekmelidiris.

Türkmen ekipažlary «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde

Türkmen ekipažlary «Ýüpek ýoly – 2023» halkara rallisindäki çykyşlaryna başladylar. Halkara rallisi 6-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda badalga aldy. Her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen «Ýüpek ýoly» rallisiniň şu ýylkysyna milli ekipažlarymyzyň üçüsi gatnaşýar. Bu ralliniň gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda Kazan – Aşgabat aralygynda geçirilen «Ýüpek ýoly» rallisinden alyp gaýdýandygyny bellemelidiris. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm başlangyçlarynyň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

Arkadag şäheri — altyn sallançak

Sen nähili ajap, şu günden binýat,Nusaýyň Aýy sen, Aşgabat sazy.Sütün-sütün jaýlar dünýäge sungat,Arkadag şäheri köňülleň ýazy —Arkadag şäheri şäherler uzy. Bakyň, çarpaýa galan Akhana —Ol türkmene bagtly günde mertebe.Munda taryh bar melhem deý jana.Atçylyk sungaty güllär erteler —Arkadag şäheri dünýä mertebe.

Futbol täzelikleri

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (MAFA) bilelikde guramagynda ýurdumyzyň futbol tälimçileriniň gatnaşmagynda halkara maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynyň mejlisler zalynda geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleri bilen birlikde, MAFA-nyň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy özbegistanly Ruslan Sulaýmanow çykyş etdiler.

Ilkinji duşuşyk, ilkinji ýeňiş

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli ýerli 10 müň orunlyk stadionda ilkinji resmi duşuşyk geçirildi. Häzirki wagtda dowam edýän ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň netijesinde birinji orny eýeleýän «Arkadag» hem-de geçen ýyl futbol çempionatymyzyň ýeňijisi bolan «Ahal» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda netijeli urgularyň üçüsi hasaba alyndy. FIFA-nyň halkara derejeli emini Resul Mämmedowyň eminlik eden duşuşygyndaky ilkinji hüjümler «Ahal» toparynyň derwezesine boldy. «Arkadag» toparynyň hüjümleri esasan sag tarapdan hereket eden Begmyrat Baýowdan geldi. Duşuşygyň birinji ýarymynda esasy ünsi hüjümde jemlän ýerli topardan Abdy Bäşimow bilen Yhlas Saparmämmedowyň hem birnäçe howply pursatlary döredendiklerini bellemek gerek. Duşuşygyň 11-nji minutynda B.Baýowyň kelle bilen jerime meýdançasyna geçiren topuna Y.Saparmämmedow sähel ýetişende hasap açylmalydy. 12-nji minutda Didar Durdyýewiň 20 metr çemesi aralykdan depen topuna «Ahalyň» derwezeçisi Rüstem Ahallyýew kynlyk bilen hem bolsa ýetmegi başardy. 22-nji minutda Şanazar Tirkişowyň golaý aradan aýlawly depen topuna hem şowlulyk ýetmedi. Oýnuň 31-nji minutynda «Ahalyň» garşylyklaýyn hüjümleriniň biri netijä örän ýakyn geldi. Şol pursat Gurbanmuhammet Esenowyň depen topy derwezede gaýmalamalydy. Onuň derwezä gönükdiren topuna derwezeçi Rasul Çaryýew ýetişmedik hem bolsa, ol toparyň goragçys

Bije çekişlik geçiriler

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy 27-nji iýulda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň merkezi edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem dünýä çempionaty-2026-nyň saýlama tapgyryna gatnaşýandygyny ýatladýarys. Ýygyndy toparymyzyň garşydaşlary geçiriljek bije çekişlikden soň belli bolar.