Mergeniň altyn medaly

7 Iýul 2023
396

Iýulyň ilkinji günlerinde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen Gusman Kosanowyň ýadygärligine bagyşlanan ýeňil atletika boýunça halkara ýaryş sportuň şu görnüşinden milli mekdebimize nobatdaky ajaýyp netijäni getirdi.

Ýaryşyň birinji gününde ýekedaban zyňmak boýunça bäsleşige çykan zehinli ýeňil atletikaçymyz Mergen Mämmedow uly üstünlige ýetdi. Ýekedabany iň uzak aralyga zyňmagyň hötdesinden gelen Mergen altyn medala eýe boldy. Onuň görkezijisi ýygyndy toparlarymyz tarapyndan 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän günleriň möhüm netijeleriniň birine öwrüldi. Çünki ýeňil atletika ýurdumyzyň türgenleriniň birnäçe ýyl bäri Olimpiýa oýunlarynda çykyş edip gelýän görnüşidir.

«Türkmen sporty».