Halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç

6 Sentýabr 2024
53

«Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen pähimleri miras galdyran, her bir işi il-gün bilen maslahatlaşyp eden ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam bolýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň dabaralanýandygyny açyk-aýdyň görkezýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ýurdumyzyň abadançylygyny, asudalygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Täze taryhy eýýamyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, döwletimizi ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara almak bilen, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň rowaçlyklara beslenýändigine her birimiz şaýatdyrys.