Baş baýlygyň goragynda

6 Sentýabr 2024
46

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys» diýen sözleri döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen işlenip düzülen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilmegi üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň binýady bolup durýar. Bu maksatnama laýyklykda, ulgamyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, iň gowy dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ulgama ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem uly öňegidişlikler gazanyldy.

Altyn ELÝASOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.