Ösüş-özgerişleriň we beýik tutumlaryň zamanasy

6 Sentýabr 2024
41

Ynsan saglygyny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman

Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu syýasatyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem döwrebap derejede üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsandyryjydyr.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar