Ähli üstünliklerimiziň gözbaşy

6 Sentýabr 2024
380

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýän zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty, at-abraýy arşa göterilýär. Eziz Diýarymyz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň hem sportuň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýar.

Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ata Watanymyz şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylyp, bagtyýar halkymyz naýbaşy baýramyny – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.