Küştüň taryhyna giren waka

14 Iýul 2023
353

Taryhy maglumatlar bilen gyzyklananyňda, geçmişde ýaşap geçen meşhur şahsyýetleriň hatarynda beýik türkmen küştçüleri bilen baglanyşykly buýsandyryjy wakalara hem duş gelýärsiň. Biz bu gün şolaryň birini gysgaça teswirlemek isleýäris.

Arap halyfatlygynda küşte diýseň uly gadyr goýulýan eken. 902 – 908-nji ýyllarda bu halyfatlykda hökümdarlyk eden al-Mukdary hem küştüň ölemen janköýerleriniň biri bolupdyr. Ol şol döwrüň deňsiz-taýsyz hasaplanylýan küştçüsi Mawerdini öz köşgünde saklap, onuň oýunlaryna dünýäni unudyp, tomaşa edipdir, ondan ruhy lezzet alypdyr. Halyf nirededir bir ýerde güýçli küştçi döräpdir diýen habary eşitse, ony hökmany ýagdaýda öz küştçüsi bilen oýnadar eken. Gepiň gysgasy, Mawerdi onuň örän hormatlaýan, guwanýan küştçüsi bolupdyr.

Abadan AMANBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.