Sport desgalarynyň hyzmatlary sanly giňişlikde

14 Iýul 2023
307

Ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak ugrunda amal edilýän ähmiýetli ädimleriň sport ulgamyny hem gurşap almagy türkmen sportuny ösdürmegiň, Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň ýolundaky beýik işleri täze öwüşgine besleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, durmuşa geçirilýän işler ulgamyň mümkinçilikleriniň jemgyýetimizde ykjam ornaşdyrylmagynda möhüm orny eýeleýär. Şeýle ähmiýetli işleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň netijesinde ýetilen sepgitleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan döwlet syýasatynyň mynasyp dowam etdirilmeginiň netijesinde döredilýän giň şert-mümkinçilikleriň miwesidir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň resmi web-saýtynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde sport ulgamynyň ýeten belent sepgitleri sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly giňden şöhlelendirilýär. Bu ýerde türkmen sportunyň üstünlikleri ýokary derejedäki fotoreportažlaryň hem-de žurnalistikanyň dürli žanrlarynyň üsti bilen watandaşlarymyza hödürlenilýär. Resmi web-saýtyň mümkinçilikleri Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýerine ýetirýän işlerini hem-de halkymyza hödürleýän hyzmatlarynyň ähmiýetini watandaşlarymyza ýetirmekde hem ajaýyp şertleri özünde jemleýär. Golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky desgalaryň dördüsiniň şeýle web-saýtlarynyň hereket edip başlamagy bilen, şol sport maksatly binalardaky mümkinçilikleriňdir hyzmatlaryň has-da giňişleýin halkymyza hödürlenmeginde möhüm ädim ädildi.

Maýatäç SOLTANOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.