"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Taryhda şu gün

Ýeňil atletikanyň syrykly bökmek görnüşinde adygan russiýaly türgen Ýelena Isinbaýewanyň karýerasyny tamamlaýandygyny mälim eden güni şu gün bilen senelenýär. 2016-njy ýylyň 19-njy awgustynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen metbugat maslahatynda bu barada aýdan Isinbaýewa Halkara Olimpiýa komitetinde işe başlaýandygyny mälim etdi.

Täze eýýamyň ýeňişli ýollary

Ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirýän beýik işleri, taryhy tutumlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde milli sportumyzyň üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Men dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, mähriban Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza pugta ynanýaryn» diýip, merdana türgenlerimize ýüzlenip aýdýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen döwrüne ser salanymyzda, türkmen türgenleriniň döwlet Baştutanymyzyň bu belent ynamyny abraý bilen ödeýändiklerine aýdyň göz ýetirýärsiň we muňa buýsanjyň, guwanjyň bütin kalbyňy, durkuňy gurşap alýar.

GDA ýurtlarynyň II oýunlary: türkmen türgenleriniň medallary

5-nji awgustda «Minsk-Arena» köpugurly medeni-sport toplumynda Belarus Respublikasynyň 11 şäherinde geçýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oýunlara gatnaşyjylaryň sport baýramçylygynyň merkezine çykýan pursatlary ajaýyp dabaranyň iň gyzykly bölegi boldy. Türkmenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Bahreýniň, Wenesuelanyň, Wýetnamyň, Müsüriň, Eýranyň, Ýemeniň, Kuweýtiň, Kubanyň, Liwanyň, Malaýziýanyň, Mongoliýanyň, BAE-niň, Omanyň hem-de Pakistanyň wekilleriniň giň baýramçylyk sahnasynda peýda bolýan pursatlary diýseň täsirli geçdi. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda çykan türkmen wekiliýetiniň ynamly ädimlerinde beýanyny tapan watançylygyň kämil nusgasy bolsa ildeşlerimiziň Oýunlaryň medallary üçin dartgynly göreş alyp barjakdyklarynyň görkezijisine öwrüldi. Dabaraly çärä gatnaşyjylaryň şatlygy sabyrsyzlyk bilen garaşylan Oýunlaryň hakyky dostlugyň baýramyna öwrülendigini aýan etdi. Soňra gadymy olimpiýa däbi esasynda Oýunlaryň alawy ýakyldy.

Sportuň rowaçlanýan diýary

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegi, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmegi, halkara arenasynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrjak türgenleri taýýarlamagy maksat edinýär. Ýurdumyzda sport ulgamynyň binýady berkden tutulyp, giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, «Türkmenistanda 2021 ―

Döwrümiziň belent waspçysy

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa ençeme kitaplary, onlarça poemalary, ýüzlerçe goşgulary ýazdy. Onuň «Elbukjam», «Bu ýyllar», «Men – Garagumly», «Uzaklarda nazarym», «Söýgi mukamy», «Belentligiň asman-zemin arasy», «Dünýäň özem gözellige aşykdyr», «Ak gülleriň – ak ýolum», «Göwün otyr Aý içinde», «Gezdim şygryň dünýäsinde», «Arkadagly Serdar» atly ýygyndylary halkyň arasynda söýlüp okalýan kitaplara öwrüldi. Gözel Şagulyýewa 1940-njy ýylyň 11-nji awgustynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Miras» daýhan birleşiginde dünýä inýär. 1973-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky ýokary mugallymçylyk institutynyň taryh we dil-edebiýat bölümini tamamlaýar. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň mugallymy, Mary welaýatynyň «Maru – şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy, bölüm müdiri bolup işleýär. G.Şagulyýewa 1982-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri bolup işläp gelýär.

Aziýa çempionatynyň ýeňijileri

Bu gün türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyzyň abraýyny barha artdyrýarlar. Şunda ýurdumyzda hereket edýän sport mekdeplerinde ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenilmelidir. 28-nji iýul – 5-nji awgust aralygynda Hindistan Respublikasynyň Deli şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünliklerine Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri hem şärik boldular. Şol ýaryşa mekdebimizden 3 türgen we 4 tälimçi-mugallym gatnaşdy.

Türkmen küştçüsiniň üstünligi

Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen orta mekdepleriň toparlarynyň arasyndaky küşt boýunça dünýä çempionatynda türkmen ýetginjeginiň uly üstünlige ýetmegi aň-paýhas oýny boýunça milli mekdebimiziň kämil nesliniň kemala gelýändigini görkezdi. Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Yhlas Narimanow çempionatda ýekelikdäki hasap boýunça kümüş medal gazandy. 12 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda ikinji tagtada bäsleşen Yhlasyň reýtingi (87,5 %) diňe ukrainaly Stanislaw Pentskonyňkydan (93,8 %) azlyk etdi.

Türkmenistanyň futbol çempionaty dowam edýär

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň çäginde üç duşuşyk geçirildi. Tapgyryň esasy duşuşygynda «Altyn Asyr» topary «Ahaly» kabul etdi. Garaşylyşy ýaly, duşuşyk ýer eýeleriniň hüjümleri bilen başlandy. Birinji ýarymda Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän futbolçylaryna tapawutlanmaga birnäçe mümkinçilik boldy.

Para pauerliftingçilerimiz dünýä çempionatyna barýar

Ýene sanlyja günden — 22-nji awgustda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde para pauerlifting boýunça dünýä çempionaty başlanar. 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Paralimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak üçin zerur utuklary toplamaga ajaýyp mümkinçilik boljak dünýä çempionatyna türkmen ýygyndysy hem gatnaşar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti tarapyndan türkmen türgenleriniň nobatdaky dünýä çempionatyna ykjam taýýarlyklaryny gazanmak üçin uly işler durmuşa geçirildi. Şeýlelikde, para pauerlifting boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan türkmen wekiliýetine 10 türgen wekilçilik eder. Şolaryň hatarynda para pauerlifting boýunça halkara sport ussady, abraýly halkara ýaryşlarynyň onlarçasyndan medally dolanmagyň hötdesinden gelen Sergeý Meladze hem bar. Aziýanyň para oýunlarynyň bürünç medalynyň, birnäçe gezek Dünýä kubogynyň eýesi bolan, geçen ýyl bolsa Gruziýada Ýewropanyň açyk çempionatynyň bürünç medalyny gazanan ildeşimiz nobatdaky dünýä çempionatynda hem ýeňşe dalaşgärleriň biri hasaplanylýar. Gazanan üstünlikleri bilen Watanymyza şan getiren zehinli türgeniň munuň üçin döwlet sylaglaryna — Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna hem eýe bolandygyny bellemelidiris.

Paýtagtyň açyk çempionaty

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistan sportuň ösen döwleti, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda döredilen şertler türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagyna, ildeşlerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna mümkinçilik berýär. Bu döredilýän mümkinçilikler geçirilýän ýaryşlarda hem öz beýanyny tapýar. Golaýda düzzümiň bäşdaş görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi. «Bagtyýarlyk» sport toplumynda geçirilen ýaryşda oýunçylara 20 minut wagt berildi. Aýlaw usulynda guralan oýunlar gyzlaryň arasynda 11, oglanlaryň arasynda 18 tapgyrda geçirildi. Çekeleşikli geçen duşuşyklarda esasy bäsdeşlik Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sort baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň we Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkeziniň türgenleriniň arasynda boldy. Tejribeli oýunçylaryň arasynda geçirilen oýunlar ýaş türgenler üçin hem uly tejribe sapagy boldy.

Ýagşydan at galar

Sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemra edinen halkymyzda taryhyň ähli döwürlerinde-de pälwançylykda at-abraý gazanan adamlar az bolmandyr. Türkmen milli göreşiniň taryhynda yz galdyryp giden, «arkasy bir saparam ýere degmedik» diýlip waspy ýetirilen pälwanlar hakynda rowaýata çalymdaş gürrüňlere-de il içinde köp gabat gelmek bolýar. Rowaýata çalymdaş bolsa-da, şol gürrüňleriň aňyrsynda hakykatyň ýatandygyna şek-şübhe ýok. Sebäbi şol gürrüňleriň tas ählisi diýen ýaly teswirlenýän wakalary gözi bilen gören adamlaryň söhbedi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa geçmişde öz ukyp-başarnyklary, gujur-gaýratlary bilen «tüweleme» diýdiren hem-de at-abraý gazanan babyr bilekli pälwanlarymyzyň şöhratly ýoluny olaryň nesilleri — merdana türgenlerimiz üstünlikli dowam etdirýärler. Bu bolsa, elbetde, buýsanylmaga, guwanylmaga mynasypdyr. Öz döwründe adatdan daşary güýji, başarnygy bilen köpleri geň galdyran balkanly pälwanlaryň hatarynda Hojamyrat pälwanyň ady buýsanç bilen agzalýar. Bu pälwan hakynda söhbetler dürli döwürlerde metbugatda türkmen milli göreşi we onuň taryhy bilen gyzyklanýanlaryň dykgatyna ýetirilenem bolsa, şol wagtlardan bäri okyjylaryň täze bir nesliniň kemala gelendigini göz öňünde tutmak bilen, käbir wakalary gaýtadan yzarlamagy göwnemakul bildik. Sebäbi öz merdana pederlerine buýsanmak ähli döwrüň ýaş nesillerine mahsusdyr.

Döwür we ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanýandygynyň alamatyna öwrüldi. Munuň özi döwlet syýasatynyň özboluşly ugry hökmünde ýaş nesilleriň mümkinçiliklerini giňden açmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerini nazarda tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde öz orunlaryny tapyp, saýlan hünärleriniň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy üçin döwletimiz tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň durmuş goraglylygyna, bilim derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerine uly üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň geljegi barada alnyp barylýan beýik işler olary belent üstünliklere ruhlandyrýar.

Welaýatlardan habarlar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy hakynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabat şäherindäki Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda hem-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek hakynda kararlara gol çekilmegi mynasybetli ýurdumyzda döwletli hem tutumly işleriň dabaralanýandygyny belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar onuň bütin dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Taryhda şu gün

2012-nji ýylyň 12-nji awgustynda Londonda XXX tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy bolup geçdi. Tomusky Oýunlaryň Angliýanyň paýtagty Londonda (1908, 1948) üçünji gezek geçirilendigini bellemek gerek. 204 ýurda wekilçilik eden türgenleriň 10957-siniň gatnaşmagynda geçirilen Oýunlarda sportuň 26 görnüşinde medal sanawynyň 302-si ugrunda bäsleşikler guraldy. Umumytoparlaýyn bäsleşikde 104 medal (46 altyn, 29 kümüş,

Gün urmasyndan goranalyň!

Gün şöhlesiniň adam saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardam berýän D witamini Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Munuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden sagat 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar diňe kölegede oýnamaly we nah matadan tikilen eşikleri geýinmeli. Günüň aşagynda başgapsyz gezmeli däl. Gün şöhlesi uly adam üçin hem zerurdyr. Ýöne howanyň aşa gyzýan günlerinde Günüň ultramelewşe şöhlesiniň aşagynda aşa köp bolmakdan saklanmaly. Tomsuna bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna, insult, infarkt keselleriniň döremegine-de sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin yssy howada gije-gündiziň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli suwlara, kofä derek arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. 2 ýaşamadyk çagalar, gartaşan adamlar, käbir öýken, ýürek, nerw kesellerinden ejir çekýänler Günüň ýiti şöhlesiniň düşýän wagtynda daşary çykmakdan saklanmaly. Yssydan öýe girilende hökman çygly eşigiňi çalyşmaly. Sowadyjynyň öňünde durmakdan saklanmaly. Munuň özi beýniniň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklamagyna, ýokarky dem alyş ulgamynyň keselleriniň döremegine getirip biler. Şeýle hem gyzyp gelip, sowuk suwa düşmek, buz ýaly içgileri içmek zy

Watana şan getirýän üstünlikler

Türkmen halky sagdyn durmuş ýörelgesine, ýaş nesilleriniň beden taýdan hem, ruhy taýdan hem sagdyn adamlar bolup ýetişmegine, umuman, bedenterbiýä we sporta hemişe aýratyn uly üns bilen garapdyr, olara öz durmuşynda uly orun beripdir. Muňa ýekeje bir mysal arkaly hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek mümkin. Örän ir döwürlerde hem uly toý tutulanda ýa-da şanly senelerde ýakyndan-daşdan ady belli pälwanlary çagyryp, göreş tutdurmak, meşhur bedewleri, seýisleri, çapyksuwarlary bir ýere jemläp, at çapyşyklaryny, at üstündäki milli oýunlary guramak, mergenleriň arasynda nyşana ok atmak boýunça bäsleşikleri geçirmek milletimiziň mizemez ýörelgesine öwrülipdir. Şol asylly ýörelgäniň ençeme asyrlar geçenden soň hem, ýagny her bir güni toý-baýrama beslenýän ajaýyp zamanamyzda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde bütin dünýädäki meşhurlygyny ýylba-ýyldan artdyrýan Türkmenistan Watanymyzda täzeçe many-mazmun bilen, onda-da has giň gerimde dowamat-dowam bolýandygy her birimize aýan hakykatdyr. Özem şol giň gerimiň bütin dünýäni öz içine alýandygyny we munuň türkmen topragynyň dost-doganlygyň, sagdynlygyň, sportuň mekanydygyny äleme buşlaýandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr.

Beýik maksatlary nazarlaýan tagallalar

Olimpiýa hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagyny gazanmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gün eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sport ulgamy hem döwrebap derejede, ylmy esasda ösdürilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, desgalar, ýörite sport mekdepleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Milli sport ulgamynyň düýpli kämilleşdirilmegi hemmetaraplaýyn ösen, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmenistanly türgenleriň ýokary netijeleri görkezip, dünýäniň sport giňişliginde ata Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uly üns berilmeginiň netijesinde türkmen türgenleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar, baýrakly orunlara we medallara mynasyp bolýarlar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça tälimçiler hem daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak arkaly ukyp-başarnyklaryny we hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Şu ýylyň alty aý

Agyr atletikaçylarymyzyň medallary

Şu gün Hindistanda agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty jemlener. Türkmen ýygyndysynyň agzalary bu ýaryşy ilkinji günlerinden uly üstünliklere beslediler. 21 ýurtdan 260 agyr atletikaçyny jemlän Aziýa çempionatynda bäsdeşligiň diýseň ýiti bolandygyny bellemek gerek.

Dünýä çempionatyna taýýarlyk

Türkmenistan ýene bir dünýä çempionatyny kabul edýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty 23 ― 28-nji noýabr aralygynda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler. Resminama laýyklykda, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek nobatdaky dünýä çempionaty ýurdumyzyň sport kuwwatyny ýene bir ýola açyp görkezer. Kuraş boýunça geçiriljek çempionata dünýäniň 60 döwletinden 350-ä golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Kuraş göreşi federasiýasynyň baş kätibi Öwezmuhammet Atalyýewiň belleýşi ýaly, bu san has-da artyp biler. Çünki dünýä döwletlerinde Aşgabadyň sport mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma juda uludyr. Bu barada geçen dünýä çempionatlarynda daşary ýurtly tälimçilerdir türgenler uly buýsanç bilen bellediler. Şu gezekki dünýä çempionaty olar üçin gözel paýtagtymyza gelip görmäge ajaýyp mümkinçilik bolar.

Mekdebimiziň türgenleri sport baýramynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan sport syýasaty türkmen türgenleriniň ajaýyp netijelere eýe bolmagyny şertlendirýär. Döredilýän giň şert-mümkinçilikler türgenlerimiziň ähli ugurlarda uly goldawa eýediklerini görkezýär. Sişenbe güni agşam Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň II oýunlaryna gatnaşjak türkmen ýygyndysy Belarus Respublikasyna tarap ýola düşdi. Oýunlaryň ýaryşlary düýn başlandy. Şol ýerde çykyş edýän türkmen ýygyndysyna Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri hem wekilçilik edýärler. Ýygyndy toparymyz bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmek üçin ýokary derejedäki taýýarlyk işlerini geçirdi.