Gün urmasyndan goranalyň!

11 Awgust 2023
413

Gün şöhlesiniň adam saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardam berýän D witamini Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Munuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden sagat 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar diňe kölegede oýnamaly we nah matadan tikilen eşikleri geýinmeli. Günüň aşagynda başgapsyz gezmeli däl. Gün şöhlesi uly adam üçin hem zerurdyr. Ýöne howanyň aşa gyzýan günlerinde Günüň ultramelewşe şöhlesiniň aşagynda aşa köp bolmakdan saklanmaly.

Tomsuna bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna, insult, infarkt keselleriniň döremegine-de sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin yssy howada gije-gündiziň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli suwlara, kofä derek arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. 2 ýaşamadyk çagalar, gartaşan adamlar, käbir öýken, ýürek, nerw kesellerinden ejir çekýänler Günüň ýiti şöhlesiniň düşýän wagtynda daşary çykmakdan saklanmaly. Yssydan öýe girilende hökman çygly eşigiňi çalyşmaly. Sowadyjynyň öňünde durmakdan saklanmaly. Munuň özi beýniniň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklamagyna, ýokarky dem alyş ulgamynyň keselleriniň döremegine getirip biler. Şeýle hem gyzyp gelip, sowuk suwa düşmek, buz ýaly içgileri içmek zyýanlydyr. Bu agyz boşlugynyň, dişiň, gyzylödegiň, ýokarky dem alyş ulgamynyň sowuklamagynyň esasy sebäbidir. Tomusda Gün urmasyndan goranalyň we sagdyn bolalyň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.