Para pauerliftingçilerimiz dünýä çempionatyna barýar

11 Awgust 2023
314

Ýene sanlyja günden — 22-nji awgustda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde para pauerlifting boýunça dünýä çempionaty başlanar. 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Paralimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak üçin zerur utuklary toplamaga ajaýyp mümkinçilik boljak dünýä çempionatyna türkmen ýygyndysy hem gatnaşar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti tarapyndan türkmen türgenleriniň nobatdaky dünýä çempionatyna ykjam taýýarlyklaryny gazanmak üçin uly işler durmuşa geçirildi. Şeýlelikde, para pauerlifting boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan türkmen wekiliýetine 10 türgen wekilçilik eder. Şolaryň hatarynda para pauerlifting boýunça halkara sport ussady, abraýly halkara ýaryşlarynyň onlarçasyndan medally dolanmagyň hötdesinden gelen Sergeý Meladze hem bar. Aziýanyň para oýunlarynyň bürünç medalynyň, birnäçe gezek Dünýä kubogynyň eýesi bolan, geçen ýyl bolsa Gruziýada Ýewropanyň açyk çempionatynyň bürünç medalyny gazanan ildeşimiz nobatdaky dünýä çempionatynda hem ýeňşe dalaşgärleriň biri hasaplanylýar. Gazanan üstünlikleri bilen Watanymyza şan getiren zehinli türgeniň munuň üçin döwlet sylaglaryna — Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna hem eýe bolandygyny bellemelidiris.

«Türkmen sporty».