Dünýä çempionatyna taýýarlyk

4 Awgust 2023
569

Türkmenistan ýene bir dünýä çempionatyny kabul edýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty 23 ― 28-nji noýabr aralygynda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler. Resminama laýyklykda, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek nobatdaky dünýä çempionaty ýurdumyzyň sport kuwwatyny ýene bir ýola açyp görkezer. Kuraş boýunça geçiriljek çempionata dünýäniň 60 döwletinden 350-ä golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Kuraş göreşi federasiýasynyň baş kätibi Öwezmuhammet Atalyýewiň belleýşi ýaly, bu san has-da artyp biler. Çünki dünýä döwletlerinde Aşgabadyň sport mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma juda uludyr. Bu barada geçen dünýä çempionatlarynda daşary ýurtly tälimçilerdir türgenler uly buýsanç bilen bellediler. Şu gezekki dünýä çempionaty olar üçin gözel paýtagtymyza gelip görmäge ajaýyp mümkinçilik bolar.

Ýörite habarçymyz.