Aziýa çempionatynyň ýeňijileri

11 Awgust 2023
382

Bu gün türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyzyň abraýyny barha artdyrýarlar. Şunda ýurdumyzda hereket edýän sport mekdeplerinde ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenilmelidir.

28-nji iýul – 5-nji awgust aralygynda Hindistan Respublikasynyň Deli şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünliklerine Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri hem şärik boldular. Şol ýaryşa mekdebimizden 3 türgen we 4 tälimçi-mugallym gatnaşdy.

Meretdurdy GOÇOW,
Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktory.