Mekdebimiziň türgenleri sport baýramynda

4 Awgust 2023
332

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan sport syýasaty türkmen türgenleriniň ajaýyp netijelere eýe bolmagyny şertlendirýär. Döredilýän giň şert-mümkinçilikler türgenlerimiziň ähli ugurlarda uly goldawa eýediklerini görkezýär.

Sişenbe güni agşam Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň II oýunlaryna gatnaşjak türkmen ýygyndysy Belarus Respublikasyna tarap ýola düşdi. Oýunlaryň ýaryşlary düýn başlandy. Şol ýerde çykyş edýän türkmen ýygyndysyna Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri hem wekilçilik edýärler. Ýygyndy toparymyz bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmek üçin ýokary derejedäki taýýarlyk işlerini geçirdi.

Atageldi PALTAÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktorynyň orunbasary.