"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Türkmenistan – bagtly Çagalygyň ýurdy

Bagtyýarlyk köptaraply, öwüşgine baý we giň mazmuna eýe düşünjedir. Ony her kim özüçe göz öňüne getirýär, onuň ölçeglerini özüçe kesgitleýär. Täze taryhy eýýamyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlygy çagalaryň şadyýan gülki seslerinde, ýurdumyzyň abadançylygynda, halkymyzyň bol-elin durmuşynyň mysalynda şöhlelenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde güneşli Diýarymyz bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekanyna öwrülýär. Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiz hemişe üns-alada bilen gurşalýar. Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy täze taryhy eýýamda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ata Watanymyzyň daýanjy, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almaklary, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Bagtdan paýly ýaşlar

Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri ýaly Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty hem 1-nji sentýabrda gursagy hyjuwdan doly talyplaryň ýüzlerçesine gujak gerer. Olaryň arasynda şu ýyl talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlaryň bardygy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Bu gün ýokary okuw mekdebiň talyby bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň ýürekleri ak arzuwlardan, ýaşlyk joşgunyndan pürepür. Ine, olar öz ýürek joşgunlaryny şeýle beýan edýärler: Nurgeldi ANNAGURBANOW,

Dünýä çempionatyndaky üstünlik

Zagrebde (Horwatiýa) dowam edýän ýetginjekleriň arasyndaky dzýudo boýunça dünýä çempionatynda türkmen gyzynyň ajaýyp netijesi bellige alyndy. 40 kilogram agram derejesinde çykyş eden Dilara Gandymowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy. Ilki bilen azerbaýjanly Nigýar Mamişowany ýeňlişe sezewar eden zehinli pälwan gyzymyz ikinji duşuşygynda slowakiýaly Patrisiýa Tomankowany ýeňip bilmedi. Şeýlelikde, türkmen gyzy bürünç medal üçin guraljak tutluşyga çykmaga hukuk gazandy. Ildeşimiz hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmak üçin geçirilen duşuşykda fransiýaly güýçli garşydaşyndan — Matilda Aurelden hem güýçlidigini subut etdi.

Çalasynlygy we ugurtapyjylygy ösdürýän oýun

Hepdäniň şenbe güni agşamara agtyklarym aşyk torbasy bilen ýanyma gelip: «Ata, köp aşyklarym bar. Gel, aşyk oýnaly!» diýip, torbanyň içindäki aşyklaryny halyň üstüne oklady. Men hem dürli görnüşdäki aşyklary goşawujyma alyp, ýuwaşlyk bilen ikiýana şagyrdadyp, agtyklarym bilen aşyk oýnunyň haýsy görnüşini oýnajagym barada pikirlenip, oglanlyk döwrümiziň ýatlama girdabyny gulaçlap ýüzmäge başladym. Çaga wagtlarymyz deň-duş oglanlarymyz bilen hojalyk işlerinden elimiz sypyndygy aşyk oýnamaga mähetdel bolardyk. Ol döwürler aşygam bol däldi. Ýurdumyzyň çägindäki gadymy ýadygärlikler bolan Änewde, Altyndepede, Namazgadepede, Garadepede we beýleki ýerlerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýylmanak aşyklaryň, kenekleriň, topazlaryň we şuňa meňzeşleriň tapylmagy aşyk oýnunyň gadymylygyna şaýatlyk edýär. Gyzyklylygy, özüne çekijiligi, ähmiýeti, şonuň ýaly-da, ýönekeýligi taýdan aşyk oýny beýleki milli oýunlardan has tapawutlanýar.

Sport mekdeplerinde

13 – 16-njy awgust aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 2008 – 2014-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça «Hazar deňiziniň duşuşyklary» atly açyk birinjilik geçirildi. Ýaryşa Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary Myrat Soltanow bilen Amangeldi Geldiýewiň tälim berýän türgenleri hem dürli agramlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň 13-sini eýelemegi başardylar.

Taryhda şu gün

1972-nji ýylyň 26-njy awgustynda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ХХ tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Albaniýanyň, Gabonyň, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň, Lesotonyň, Malawiniň, Saud Arabystanynyň, Swazilendiň, Somaliniň hem-de Togonyň ýygyndy toparlarynyň Olimpiadadaky ilkinji çykyşlary Mýunhendäki Oýunlara gabat geldi. Bu oýunlarda 121 döwlete wekilçilik eden türgenleriň 7170-siniň (6075 erkek türgen, 1095 zenan türgen) baş baýrak ugrunda bäsleşendiklerini bellemek gerek. Medal sanawynda türgenleri 99 gezek (50 altyn, 27 kümüş, 22 bürünç) hormat münberine çykan öňki soýuzyň ýygyndy topary birinji orna mynasyp boldy. Bu ugurda ikinji, üçünji orunlary degişlilikde ABŞ-nyň (33-31-30) hem-de Germaniýanyň (20-23-23) ýygyndy toparlary eýelediler.

Sagdynlygyň, sportuň rowaçlanýan mekany

Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ýer ýüzünde sagdynlygyň, sportuň, ruhubelentligiň mekany, saglygyňy berkitmek hem-de dynç almak üçin dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilen künjegi hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Sport bilen meşgullanmakda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde bolsa Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatyna nusgalyk görelde bolup durýandygy durmuşymyzyň hem-de döwrümiziň mizemez hakykatydyr. Muňa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 11-nji awgustynda ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz şol gün ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de «Awaza» sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli welosipedli gezelenç etmegi ýaşlar üçin nusgalyk bolmak bilen, tutuş dünýäde meşhurlykdan peýdalanýan hem-de ekologiýa taýdan arassa bolan welosiped sportuny ýurdumyzda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty: ýokary derejeli taýýarlyk

Abraýly halkara ýaryşlary ýokary derejede guramakda baý tejribesi bolan paýtagtymyzda ýene bir sport baýramçylygyna işjeň taýýarlyk görülýär. Türgenlerimiz bu ýaryşda üstünlikli çykyşlary bilen janköýerleri begendirmek üçin yhlas bilen türgenleşýän bolsa, guramaçylar geçiriljek ýerini taýýarlamak we degişli resminamalary tassyklamak ýaly işleriň aladasynda. Hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşmak üçin bu assosiasiýanyň prezidenti Haýder Farmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň paýtagtymyza gelmegi hem barha ýakynlaýan sport baýramçylygyna taýýarlygyň möhüm wakasy boldy.

Aşgabat halkara ýaryşyň bosagasynda

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge degişli Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek barada Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabara ýurdumyzyň dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwürlendigini nobatdaky subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde giň orun berilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen badalga berlen, täze eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän sport syýasaty täze derejelere ýetýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýam

Şägirtlerimiz ýeňişli ýolda

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň türgenleriniň ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň iň abraýly oýunlarda, dünýä we yklym çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolup, Watana şan getirýän ussatlary ýetişdirýändigi bizi diýseň begendirýär. Türgenlerimiziň diňe ýakyn günlerde gazanan üstünlikleri hem bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Hindistanda geçen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 81 kilogram agram derejesinde çykyş eden Änamjan Rustamowanyň ýetginjekleriň arasynda hem, ýaşlaryň arasynda-da iň ýokary netijeleri görkezmegi oňa altyn medallaryň altysyny getirdi. Şol ýaryşda 61 kg-de bäsleşen Perhat Bagtyýarow bolsa ýetginjekleriň ýaryşynda 3 kümüş, ýaşlaryň arasynda bolsa 1 bürünç medal aldy.

GDA ýurtlarynyň II oýunlary: türkmen türgenleriniň medallary

Türkmen ýygyndysy Belarus Respublikasynda jemlenen GDA ýurtlarynyň II oýunlaryny ajaýyp netijelere besledi. Oýunlarda milli ýygyndy toparymyzyň agzalary dürli medallaryň 18-sine eýelik etdiler. Şolaryň 3-si kümüş, 15-si bolsa bürünç medallardyr. Bu görkeziji Türkmenistanyň ýygyndysynyň medal sanawynda öňdäki onluga girmegini üpjün etdi. Biz Oýunlaryň ýaryşlarynyň badalga alan gününden – 5-nji awgustdan 10-njy awgusta çenli türkmen türgenleriniň gazanan netijeleri hakynda gazetimiziň geçen sanynda habar beripdik. Şol habarda Grodno şäheriniň Buzly sport köşgünde geçirilen agyr atletika ýaryşlarynyň netijeleri hem öz beýanyny tapýardy. 49 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Akdepe etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň ýygyndy toparyna Oýunlaryň ilkinji medalyny getirmegi başardy. Ol ýaryşyň kümüş medalyny gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ali Babamuradow 55 kilograma çenli agram derejesinde oglanlaryň ýaryşynda netijeli çykyş etdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 215 kilogram

Ýeňişli ýola düşen «Merwiň» üstünligi

Şol gün Mary şäherindäki 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionyna barýan ýoluň märekesi ýetikdi. Şeýle bolmazça-da däldi. Çünki janköýerleriň söýgüli topary – «Merw» AFK-nyň Kubogyndaky ilkinji duşuşygyny geçirýärdi. Märekäniň içinden çasly çykýan sesleriň arasynda: «Ah-ow, bu gün biz üçin hasyl toýy ýaly baýramçylyk...» diýilmeginiň özüne ýetik sebäbi bardy. Çünki Mary şäherine halkara futbol baýramçylygy gelipdi. Bu jümleler bolsa ömrüni meýdanda orak başynda geçiren oba adamlarynyň ýürek buýsanjydy... Ine-de, oýun başlandy. Janköýerlerden ýaňa hyň berýän stadion bu gün hakykatdan-da, «12-nji oýunçy» hökmünde ýerli futbolçylary hüjüme höweslendirýärdi. Eýýäm oýnuň 6-njy minutynda «Merwe» tapawutlanmaga gowy mümkinçilik döredi. Ýöne amatly pursatdan peýdalanmaga taýýarlanan Murat Ýakşiýewiň aýagyndaky topy garşydaş toparyň goragçysy gödeklik bilen bolsa-da, aýyrmagy başardy. Ýogsa şonda, baş emine 11 metrlik jerime urgusyny bellemäge hiç zat päsgel bermändi. Bu ýagdaýdan soň has-da tijenen ýer eýeleri hüjümleriniň sanyny artdyrdylar. Şolaryň birinde, has takygy, duşuşygyň 12-nji minutynda «Merwiň» oýunçylary topy burçdan oýna girizmäge hukuk gazandylar. Şol pursadyň yzysüresi jerime meýdançasyna geçirilen topa ilkinji ýetişen Musa Nurnazarow topy kellesi bilen derwezä gönükdirip, stadionyň şowhunynyň artmagyny gazandy. Oýnuň 13-nji minuty dowam edýärdi. Şondan soň oýn

Magtymguly we milli oýunlar

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly baýramy barha golaýlaşýar. Türkmen halky dünýä halklarynyň arasynda milli oýunlaryň dürli görnüşleriniň döremegine we kämilleşmegine uly goşant goşan beýik halkdyr. Dana şahyrymyz döredijiliginde saglygyň gymmatly häsiýetleri barada hikmetli çeper setirleri miras galdyrypdyr. Sagdyn durmuş medeniýetini we ahlagyny wagyz edýän tyllaýy setirler akyldaryň 20-ä golaý goşgusynda köptaraply öwüşginlerde owazly ýaňlanýar. Ussadyň «Dert iňňildär» atly goşgusynyň birinji bendinde: Bir baý oglunyň elinde,Sadranç oýnap, nerd iňňildär

Parasatlylygy terbiýeleýän oýun

Türkmen milli oýunlary halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň biridir. Şolaryň biri hem ýüzük ýa-da keçe-keçe oýnudyr. Bu oýun halkymyzyň gadymy oýunlarynyň biri bolmak bilen, esasan toý dabaralarynda oýnalýar. Ol sport oýunlarynyň milli görnüşleriniň biri bolup, özüne çekiji, gyzykly, çekeleşikli häsiýeti bilen toýlaryň bezegi bolupdyr we adamlaryň wagtyny şadyýan geçirmegine ýardam beripdir. Oýun oýnalanda bukmak üçin ele sygaýjak ýüzük, kiçiräk çakgy ulanylyp, ony başga zatlar bilen çalyşmazlyklary we berk ýatda saklamaklary üçin ilkibaşda hemme oýunçylara görkezýärler. Soňra ýüzük bijesi çykan toparyň ýaşulusyna berilýär. Oýna gatnaşýanlar deň ikä bölünip, toparlaryň her biriniň düzümindäki oýunçylaryň sany toýlarda bu oýna goýulýan baýraga baglylykda 10 – 15 we şondan hem köp bolupdyr. Toparlaryň oýunçylary halka gurap, biri-biriniň garşysynda oturýarlar. Her toparyň oýundan gowy başy çykýan tejribeli ýolbaşçysy bolýar. Bijesi çykan toparyň oýunçylary halka gurup, onuň ýolbaşçysy ýüzügi alyp, elinde görünmez ýaly gizleýär. Ol şonda elini berk ýumýar ýa-da goluny ýeňiniň içine salýar. Toparyň ýolbaşçysy şol ýüzükli elini hataryň ugry boýunça öz oýunçylarynyň hemmesiniň goltugyna sokup, ýene elini öňküsi ýaly, ýüzügi kimde goýanyny bildirmän, yzyna çekýär. Şeýdip, ol öz toparynyň oýunçylarynyň has durnuklysynda, paýhaslysynda ýüzügi goýýar ýa-da özün

«Kuwwatly bedeniň» Özbegistandaky üstünligi

Ýurdumyzyň «Kuwwatly beden» topary Buharada (Özbegistan) geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmegiň hötdesinden geldi. Bu ýerde türkmen toparynyň 2012-nji, 2014-nji we 2015-2016-njy ýyllarda doglan çagalar düzümleri ýeňiş üçin dartgynly göreş alyp bardylar. Olaryň ählisi hem toparçadaky çykyşlaryny birinji hem-de ikinji orunlarda jemlediler. 2012-nji ýylda doglan çagalaryň ýaryşynda «Kuwwatly bedeniň» iki topary bäsleşdi. «Kuwwatly beden» topary «A» toparçada iň ýokary basgançakda ýerleşdi. Ol toparçadaky garşydaşlarynyň ikisini hem uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Türkmenistanly çagalar «ÇÝFM-28» toparyny 6:0, «Nawbahory» 7:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. Şondan soňky tapgyrlarda hem üstünlikli çykyş eden türkmen topary ikinji orna mynasyp boldy.

Sport bilen bilimi utgaşdyrmagyň ähmiýeti

Kämilleşmek üçin ökde tälimçi ýa-da türgenleşmäge gowy ýer tapmak ýaş türgenleriň öňünde durýan ýeke-täk çylşyrymly wezipeler däl. Yzygiderli türgenleşikler üçin köp wagt sarp edýän ýaşlar üçin iki peýdaly närsäni — sport bilen okuwy utgaşdyrmaga wagt tapmak hem ýeňil bolmaýar. Tomusky dynç alşyň ahyrlap, täze okuw ýylynyň başlanmagyna taýýarlyk görülýän döwürde bu meseläniň çözgüdini tapmak örboýuna galýar. Adatça, ata-eneler çagalarynyň sport bilen ylym-bilimiň ikisinden birini saýlamalydygyna ynanýar. Emma olary biri-biri bilen utgaşdyrmak hem kyn däl. Munuň üçin iň esasy şertleriň biri wagtyňy ýerlikli peýdalanmak bolup durýar. Adatça, okuwa ýa-da türgenleşige gatnamak üçin geçilýän ýoluň uzak bolmagy ýadawlyga getirip bilýär. Şonuň üçin mekdebiň ýa-da sport toplumynyň öýe ýakyn ýerleşmegi, ýa bolmasa-da, olaryň ikisiniň biri-birinden uzak bolmadyk aralykda bolmagy ýolda geçirilýän wagty we harçlanýan energiýany tygşytlamaga ýardam berýär.

Gimnastikaçylarymyz möhüm synagda

Ýakyn günlerde Türkmenistanyň çeper gimnastika boýunça ýetginjek gyzlardan düzülen ýygyndy toparyna möhüm synag garaşýar. Türkmen ýygyndysy 23 — 28-nji awgust aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek halkara ýaryşda çykyş eder. Gimnastika boýunça milli mekdebimiziň abraýyny gorajak ýetginjeklerimiziň aglabasynyň biziň şägirtlerimizdigi buýsanjymyzy goşalandyrýar. Daşkentdäki bäsleşiklere gatnaşjak türkmen toparynyň düzüminde Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasynyň türgeni Iliana Tokarewa, Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Narmina Abasowa, paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän rus-türkmen orta mekdebiniň okuwçylary Sofiýa hem-de Ameliýa Bensler, 53-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Hatyja Akmuradowa, ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mahym Gurbanowa, 42-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Leýli Batyrowa, Türkmen-türk orta mekdebiniň okuwçylary Ada-Aýlin we Neslin Firdews Günaslanlar bar. Mundan başga-da, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Marýam Sadykowa, ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýli Işankuliýewa, 15-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Inara Hanowa, 50-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Karolina Kim, 44-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Weronika Kurdupowa, ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň 8-nji

Sport we tehnologik ösüş

Ylmyň we tehnologiýanyň ýyldyrym çaltlygynda ösýän zamanasynda durmuşymyzyň ähli ugurlaryna innowasiýalar ornaşdyrylýar. Jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan sport ulgamynda hem täzeçillikler işjeň ornaşdyrylyp, türgenleriň netijeleriniň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam berýär. Şeýle täzeçillikleriň biri-de, emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan neýrotorlardyr. Neýrotorlar adam bedeniniň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Sport toparlary şeýle ulgamlara esaslanýan maksatnamalary türgenleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin peýdalanýarlar. Maksatnama türgenleşikleriň agyrlyk derejesi we türgenlere özlerini duýşy barada berlen sowallaryň jogaplary girizilýär. Şeýle hem türgenleriň kabul edýän derman serişdeleri baradaky maglumatlar ýazylýar. Şunuň ýaly maglumatlaryň seljerilmegi türgeniň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmäge we onuň ýadawlyk derejesini anyklamaga mümkinçilik berýär. Şol maglumatlar tälimçilere türgenleşikleriň agyrlyk derejesini oňaýly guramaga kömek edýär. Munuň özi ýüze çykyp biljek şikesleriň öňüni almaga ýa-da dikeldişi çaltlandyrmaga şert döredýär.

Welaýatlardan habarlar

Ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek giň gerime eýe bolýar. Esasan-da, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek maksady bilen, Magtymguly etrabynda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri, sport ýaryşlary giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Etrabymyzyň dürli düzümlerinde ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny gazanmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşyklary, dürli sport çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Ýaşlar guralýan sport çäreleridir ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşyp, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edýändiklerini görkezýärler.