Şägirtlerimiz ýeňişli ýolda

18 Awgust 2023
478

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň türgenleriniň ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň iň abraýly oýunlarda, dünýä we yklym çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolup, Watana şan getirýän ussatlary ýetişdirýändigi bizi diýseň begendirýär. Türgenlerimiziň diňe ýakyn günlerde gazanan üstünlikleri hem bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr.

Hindistanda geçen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 81 kilogram agram derejesinde çykyş eden Änamjan Rustamowanyň ýetginjekleriň arasynda hem, ýaşlaryň arasynda-da iň ýokary netijeleri görkezmegi oňa altyn medallaryň altysyny getirdi. Şol ýaryşda 61 kg-de bäsleşen Perhat Bagtyýarow bolsa ýetginjekleriň ýaryşynda 3 kümüş, ýaşlaryň arasynda bolsa 1 bürünç medal aldy.

Güýçgeldi HOJAMYRADOW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň direktory.