Aşgabat halkara ýaryşyň bosagasynda

18 Awgust 2023
510

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge degişli Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek barada Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabara ýurdumyzyň dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwürlendigini nobatdaky subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde giň orun berilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen badalga berlen, täze eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän sport syýasaty täze derejelere ýetýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýamyzyň iş ýüzündäki aýdyň beýanyna öwrülýär.

Gurbanmyrat SÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.