"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Türkmenistanyň çempionaty

Golaýda paýtagtymyzda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty jemlendi. Oňa erkekler hem-de zenanlar toparlary gatnaşdy. Duşuşyklar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda we «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirildi. Ýaryşda «Aşgabat-1», «Aşgabat-2», «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap» we «Mary» ýaly toparlar çykyş etdi. Çekeleşikli häsiýetde geçirilen duşuşyklarda paýtagtyň basketbolçylaryndan düzülen toparlar has-da tapawutlandylar. Netijede erkekleriň arasynda «Aşgabat-1» topary öňdeligi eýeledi. «Aşgabat-2» ikinji, «Mary» topary üçünji boldy. Zenanlaryň arasynda hem «Aşgabat-1» topary tapawutlanmagy başardy. «Lebap» topary ikinji, «Balkan» topary üçünji orunlara mynasyp boldy.

Onuň saýlany – agyr atletika

«Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek, Watanymyzyň sport abraýyny halkara derejesinde gorap bilýän ussat türgenleri ýetişdirmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu günki gün sport döwleti hökmünde dünýäde uly abraýyň eýesi bolan ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap sport desgalary, häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri gurlup, olarda ýaş nesillerimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri, saýlap alan sport görnüşleri boýunça ezber türgenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler üpjün edilýär. Şeýle şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, sporta ykbalyny baglan, entek ýaşdygyna garamazdan, kem-kemden kämilleşip, türkmen sportunyň abraýyny halkara derejesinde belende götermek üçin ähli ukyp-başarnygyny, zehinini aýamaýan türgenler Balkan welaýatynda-da az däl. Bizem şu ýazgymyzda, ine, şeýle zehinleriň biri hakynda söhbet etmekçi. Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 28-nji orta mekdepde 2014-nji ýylda 1-nji synpyň okuwçysy hökmünde bilimler dünýäsine gadam basan Maýagözel Hürmenowa 2020-nji ýyldan başlap, bu şäherçedäki 7-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça gurnagyna gatnap ugraýar. Jorasynyň göreldesine eýerip, sportuň ýeňi

Baýramçylyk sowgady

Sportuň hem-de bedenterbiýäniň sazlaşykly ösüşi bu gün Watanymyzy dünýä tanadýar. Elbetde, türgenlerimiziň halkara arenasynda Döwlet baýdagymyzy belentde parlatmagyň hötdesinden gelmekleri bilen, sport ýurduna öwrülen Türkmenistanyň bu ugurdaky ösüşleri bütin dünýäde giňden dabaralanýar. Bu hakykat Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň şu ýylyň 8 aýynda dünýä we yklym çempionatlarynda, halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanan medallarynyň sanynda aýdyň şöhlelenýär. Ildeşlerimiz 8 aýyň dowamynda 490 medala eýe çykmagyň hötdesinden geldiler. Şol üstünlikler türgenlerimize 136 altyn, 145 kümüş we 209 bürünç medallary getirdi.

Türkmen futboly halkara arenasynda

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli sportumyz, şol sanda türkmen futboly şöhratly ýol geçdi. Ýurdumyzyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky, Aziýa Kubogyndaky hem-de beýleki abraýly ýaryşlardaky çykyşlary, futbol toparlarymyzyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky hem-de AFK-nyň Kubogyndaky çykyşlary bu ugurda uly işleriň alnyp barlandygyny we barylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Ine, nobatdaky halkara futbol senenamasynyň ýaýbaňlanmagy bilen, milli ýygyndymyza, «Ahal», «Altyn Asyr» hem-de «Merw» toparlaryna dünýä derejesindäki futbolçylary bolan toparlaryň garşysyna ýaşyl meýdana çykmaga mümkinçilik döredi. Bizem futbol ýygyndymyza hem-de toparlarymyza halkara arenasynda geçirjek duşuşyklarynda diňe ýeňişleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris. Dünýä çempionaty – 2026: nobatdaky synag

Bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi üçin wajyp şert bolan bedenterbiýe we sport desgalarynyň üpjünçiligine uly üns berýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginde, ýaşlaryň bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekilmeginde häzirki zaman sport toplumlarynyň uly ähmiýeti bardyr. Sportda gazanylan üstünlikler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Onlarça täze sport desgalarynyň, stadionlaryň, sport ugurly toplumlaryň we mekdepleriň gurulmagy ulgamy ösdürmek ugrundaky aladanyň miwesidir. Galyberse-de, soňky ýyllarda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň hemmesinde sport bilen meşgullanmak üçin ýokary derejede enjamlaşdyrylan zallaryň, suw toplumlarynyň gurulmagyna uly ähmiýet berilýär.

Sport mekdeplerinde

Sport bu diňe bir beden kämilligi bolman, eýsem, erkin ruhuň hem-de öz-özüňi ykrar etmegiň baş şertidir. Munuň özi açyşlaryň we ýeňişleriň, täze mümkinçilikleriň, has belent maksatlaryň dünýäsidir. Belent ruh we ynam sportuň hem-de sagdynlygyň gözbaşydyr. Sport watansöýüjiligiň, edermenligiň mekdebidir. Sport ynsanyň erk-islegini we ruhubelentligini üstünlige atarýan möhüm ugurdyr. Ýurdumyzda häzirki zaman sport ulgamynyň döredilmegi türkmenistanlylaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagynyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna oňyn şertleri döredýär.

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda «Merw» bilen «Şagadam» toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan «Merw» 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Mary şäheriniň toparyna ýeňiş getiren toplary Myrat Ýakşiýew öz adyna ýazdyrdy. Gazanan bu ýeňşinden soň 12 utuk toplan «Merw» ýaryş tertibinde ýedinji orna geçmegi başardy.

Güýz – sagdynlygyň pasly

Güýz pasly sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek we sport bilen meşgullanmak üçin iň amatly mümkinçilikleriň döwrüdir. Tomusky dynç alyşdan soň, täze zähmet üstünliklerine tarap ýola düşeniňizde sagdyn bolmak hökmanydyr. Munuň üçin bolsa bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak zerurdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek pasyl çalşygy döwründe döreýän möwsümleýin kesellerden goranmaga, sökelliklerden saplanmaga, ruhubelent bolmaga ýardam edýär. Güýz bedenterbiýe we sport bilen diňe bir ýapyk binalarda däl, eýsem, arassa howada meşgullanmak üçin hem oňaýly döwürdir. Sebäbi tomsuň yssy günleri sowlansoň, sergin howada türgenleşmek has amatlydyr.

Il saglygy - ýurt baýlygy

Mähriban adamlar, eziz ildeşler! Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, kabul etmegiňizi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi maslahat berýäris. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlarymyzy kabul etmegi hem unutmaň! Mundan başga-da, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris.

«Arçman» melhem paýlaýar

Ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Çünki saglyk islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Sagdyn adam ruhubelent, durmuşa, zähmete höwesli bolýar. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň berk binýady hasaplanylýar. Ýurdumyzda özüniň melhemlik suwlary, palçyklary bilen tanalýan şypahanalar raýatlarymyza saglyk we medeniýetli dynç alşy paýlaýar. Şol şypahanalaryň içinde düzüminde birnäçe element bolan tebigy melhemlik suwy bilen tapawutlanýan «Arçman» şypahanasy hem watandaşlarymyza ýokary hilli hyzmat edýär. Şypahanada mineral suw arkaly dürli keselleriň bejeriş usullary bar.

Hormata beslenen ömür

Halk arasynda meşhur bolan Balkan pälwanly gürrüňlerde hökmany suratda Çoluk pälwanyň we Jumamyrat pälwanyň atlary getirilýär. Bilesigelijilik islegi meni öz erkime goýman, ahyry mümkinçilik tapyp, tomsuň soňky aýynda Jumamyrat pälwanyň ogly Annamyrat aga bilen telefon arkaly habarlaşyp, onuň bilen duşuşmak üçin Aşgabat şäheriniň «Parahat – 7» ýaşaýyş toplumyna bardym. Ak sakgally nurana türkmen gojasy meni güler ýüz bilen garşy aldy. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, Annamyrat aga kyblasyna mahsus bolan gürrüňçilligi bilen söhbetdeşlige başlady. Hydyr gören Ahal sährasynyň Gökdepe sebitiniň Altyýabyň suwundan suwlanyp oturan bag-bakjaly Şorgala obasynda 1876-njy ýylyň güýz paslynda türkmeniň ak öýüniň ussasy Gurbansähet Aman oglunyň döwletli maşgalasynda ikinji oglan bäbek dünýä inýär. Hepdäniň anna güni dünýä inen perzende Juma, maksat-myradyna ýetsin diýip, Myrat adyny goşup, Jumamyrat diýip at dakýarlar. «Iki aýakly – iki günde» diýlişi ýaly, Jumamyrat bedeni bekäp, ýumşa ýarap ugranyndan öý hojalygynda we kakasynyň ussahanasynda ýardam berýär. Öý ýasamak üçin peýdalanýan gurallary, esbaplary we beýleki zatlary çaga bilesigelijiligi bilen öwrenmäge çalyşýar we kakasyndan hem-de doganyndan öý ýasamak üçin gerek bolýan çig mallary, olaryň saýlanyp alnyşyny, ýasalyş tilsimlerini tutanýerlilik bilen öwrenýär. Zähmetsöýer Jumamyrat berk bedenli, irimçik süňkli, güýçli he

Sport we ýaşlar

Ynsan saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwren hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde sport bilen meşgullanmak her bir raýatyň adaty endigine öwrüldi. Sebäbi ýurdumyzdaky sport desgalaryndan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen gurulýan her bir täze binada, şeýle hem edara-kärhanalarda, ýaşaýyş jaýlarynyň töwereklerinde sport bilen meşgullanmaga, dynç almaga, dürli maşklary ýerine ýetirmäge şertler, gezelenç etmäge ýaşyl zolaklar döredilýär. Bu bolsa halkymyzyň ata-babalarymyzyň ýörelgelerine eýerip, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyna giň mümkinçilik berýär. Eziz Diýarymyzyň sport diplomatiýasy uly ösüşleri, ýokary sepgitleri nazarlaýar. Ýurdumyzyň gözel paýtagty halkara ýaryşlary we abraýly bäsleşikleri kabul edýän sport merkezine öwrüldi.

Gadymyýetden gözbaş alan mekdep

Sport barada gürrüň edilende, esasan, soňky iki asyr göz öňümize gelýän hem bolsa, ol iňňän gadymy döwürlerden bäri ähli halklaryň durmuşynda uly orny eýeleýär. Adamlar heniz irki döwürde dürli görnüşli maşklaryňdyr hereketleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaga ýardam edýändigine göz ýetiripdirler. Köp hereket edýän we zähmet çekýän adamlaryň beýlekilere görä has sagat hem-de gujurly bolýandygy äşgär bolansoň, sport nesil terbiýesiniň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Her bir halk öz dowamaty bolan nesilleriniň sagdyn ösmegini we güýçli bolmagyny gazanmak üçin türgenleşikleriň dürli görnüşlerini döredipdir. Ezberlikde we ýyndamlykda saýlanýan ýigitleri ýüze çykarmak üçin ýörite bäsleşikler guralypdyr. Şonuň üçin-de, sportuň başa-baş söweş sungaty, göreş, at çapmak, ýaýdan ok atmak, naýza zyňmak, uzak aralyga ylgamak, suwda ýüzmek görnüşleri has irki döwürlerde meşhur bolupdyr. Olar ýaşlary Watan goragyna taýýarlamakda iňňän ähmiýetli terbiýe mekdebi hasaplanypdyr.

Sportuň hem gözelligiň sazlaşygy

Sungata iň ýakyn sport görnüşi bolan sport tansyna erkek we zenan türgenler bilelikde gatnaşýarlar we olaryň çykyşlaryna syn etmegiň özem kalbyňy gözellige besleýär. Sport tansy boýunça geçirilýän ýaryşlar iki maksatnama boýunça guralyp, Latynamerikan maksatnamasy samba, ça-ça-ça, rumba, pasadobl we jaýw ýaly tanslary öz içine alsa, Ýewropa maksatnamasyna wals, tango, fokstrot, kwikstep ýaly tanslar degişli bolup durýar. Sport tansy boýunça halkara ýaryşlary, sportuň täs ähli görnüşlerinde hem bolşy ýaly, höwesjeňleriň we professionallaryň arasynda aýratynlykda geçirilýär. Gözellik we arassalyk, çylşyrymly hereketleriň ýerine ýetirilişi, oňa gatnaşyjylaryň eşikleriniň kaşaňlygy, umuman, çykyşlaryň ruhubelentlik ýagdaýy ýaryşlara tomaşa edýänleri özüne bendi edýär. Tansçylaryň geýimleriniň kesgitlenen kada laýyk bolmagynyň ýaryşlardaky hökmany şertleriň biri bolup durýandygynam aýratyn bellemek gerek. Şeýle-de çykyşlara baha bermegiň köptaraplaýynlygy sebäpli, sportuň bu görnüşindäki ýaryşlara eminleriň dokuzysynyň gözegçilik edýändigem bilip goýanyňa degýän maglumatdyr.

Suwda ýüzmegiň peýdasy

Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, suwda ýüzmegiň uly peýdasy bolup, onuň dem alyş ýollaryna, ähli myşsalaryň berkemegine we bedeniň oňat keşbiniň kemala gelmegine örän oňaýly peýdasy bar. Adam suwda ýüzüşi amala aşyran mahaly onuň ähli myşsalary herekete gelýär. Suwda ýüzmeklik ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, el-aýaklary güýçlendirmekde, sagdyn myşsalary kemala getirmekde ähmiýetlidir. Bu bolsa bedeniň sagdynlygy üçin iň gowy türgenleşikdir. Suwda ýüzmek dem alyş ýollaryny açyp, ony kadalaşdyrýar. Şonuň üçin ýüzüjilerde dem alyş agzalarynda ýetmezçilik ýüze çykmaýar. Dem almak meselesi şeýle bir ýönekeý bolansoň, oňa diňe käbir adamlar üns berýärler, ýöne welin, bu usul sagdyn bolmakda we kesellerden saplanmakda möhümdir. Siz dem alanyňyzda öz bedeniňize gurplanmaga şert döredýärsiňiz, sebäbi, kislorod bedeniňiz boýunça ýokumly maddalary zerur ýerlerine eltmäge ýardam edýär. Çuňňur dem almak biziň saglygymyzy berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, eger biz sagdyn bolmagy isleýän bolsak, kadaly dem almagy öwrenmelidiris. Munuň üçin sportuň suwda ýüzmek görnüşi bilen meşgullanmak ýeterlikdir.

Welaýatlardan habarlar

Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bu gün ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Olaryň bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, sporty gündelik hemrasyna öwürmegi ugrunda alnyp barylýan beýik işler gözbaşyny hut şu syýasatdan alyp gaýdýar. Şeýle ähmiýetli ädimleriň üstüni bolsa röwşen ertirimiziň eýeleri bolan nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak ugrundaky tagallalar ýetirýär. Şu aýratynlyklaryň özara sazlaşygynyň esasynda bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti örboýuna galýar. Biz hem öz nobatymyzda ýaşlar bilen geçirýän wagyz-nesihat duşuşyklarymyzyň üsti bilen olary sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrýarys. Biz şu ugurdaky ädimlerimizi gelejekde has-da kämilleşdireris we Watana wepaly, ahlakly hem-de sagdyn, berk bedenli ýaşlary kemala getirmek ugrundaky tagallalara öz goşandymyzy goşarys. Ýaşlar syýasatyny sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti bilen sazlaşykly durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun!

Taryhda şu gün

Halkara Olimpiýa komitetiniň 94-nji sessiýasynda 1994-nji ýyldaky gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeriniň saýlawlary bolup geçdi. Bu taryhy waka 1988-nji ýylyň 16-njy sentýabryna gabat geldi. Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen ýygnanyşygyň dowamyndaky ses berlişigiň netijesinde gyşky Oýunlary kabul etmek Norwegiýanyň Lillehamer şäherine ynanyldy. Lillehameriň bu ugurdaky bäsdeşleri Şwesiýanyň Estersund, ABŞ-nyň Ankorij hem-de Bolgariýanyň Sofiýa şäherleri bolupdy.

Şanly wakalara beslenýän döwür

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ähli ugurlarda galkynýan, ösýän, türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, ruhubelent, Watana, halka wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýän zamanasy bolup dabaralanýar. Muňa ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde bolup geçen şanly hem taryhy wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Şol gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp, ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirilip, şol dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Arkadagly Serdarymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz we ýadawsyz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär» diýip, üstümizdäki ýylda uly dabaralar bilen bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Garaşsyz,

Arkadag paýhasy – buýsançly kalplaryň ganaty

Ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmegi hakyndaky alada Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde durýan wajyp wezipedir. Biz bu hakykata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýaşlar bilen geçen umumy sapagynyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, pedagog, professor, akademik hökmünde ýaş nesilleriň wekilleri bilen duşuşyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler baradaky çykyşy uly üns we ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Abraý getiren menziller

Birnäçe ýyl mundan ozal kiçigöwünli bir adam bilen tanyşdym. Ol uzak aralyga ýöremekde tüýs telpek goýaýmaly diýilýänleriň hilindendi. Eger wagtynda halypa duşup, ýeňil atletika bilen meşgullanan bolsa, belki, ençe ýaryşlaryň ýeňijisi bolup, birgiden medallara eýe çykardy. Men muny «Tejen — täsin adam» atly makalamda başardygymdan beýan etmäge çalyşdym. Her niçik-de bolsa, ol uzak aralyga ýöremekde resmi däl rekordlary goýup biläýjek ýa-da bilen adam hökmünde hakydamda galdy. Bu meniň durmuşymyň sport žurnalistikasyna dahylly böleginde şu güne çenli «sportuň melikesi» diýip at alan ýeňil atletika we oňa ýakyn adam hakynda ýazan ilkinji makalamdy. Ine-de, ikinji synanyşyk. Ýöne bu gezekki söhbetim Tejen barada däl-de, Tejenowiç hakynda. Professional türgen hökmünde abraýly ýaryşlarda ýeňiji bolan, birnäçe rekordlary goýan, türkmen, şol sanda dünýä ýeňil atletikasynyň ösmegine mynasyp goşant goşan Hajymyrat Rahmanow ömrüniň agramly bölegini ýöräp dälde, ylgap geçirdi.