Hormata beslenen ömür

15 Sentýabr 2023
542

Halk arasynda meşhur bolan Balkan pälwanly gürrüňlerde hökmany suratda Çoluk pälwanyň we Jumamyrat pälwanyň atlary getirilýär. Bilesigelijilik islegi meni öz erkime goýman, ahyry mümkinçilik tapyp, tomsuň soňky aýynda Jumamyrat pälwanyň ogly Annamyrat aga bilen telefon arkaly habarlaşyp, onuň bilen duşuşmak üçin Aşgabat şäheriniň «Parahat – 7» ýaşaýyş toplumyna bardym. Ak sakgally nurana türkmen gojasy meni güler ýüz bilen garşy aldy. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, Annamyrat aga kyblasyna mahsus bolan gürrüňçilligi bilen söhbetdeşlige başlady. Hydyr gören Ahal sährasynyň Gökdepe sebitiniň Altyýabyň suwundan suwlanyp oturan bag-bakjaly Şorgala obasynda 1876-njy ýylyň güýz paslynda türkmeniň ak öýüniň ussasy Gurbansähet Aman oglunyň döwletli maşgalasynda ikinji oglan bäbek dünýä inýär. Hepdäniň anna güni dünýä inen perzende Juma, maksat-myradyna ýetsin diýip, Myrat adyny goşup, Jumamyrat diýip at dakýarlar.

«Iki aýakly – iki günde» diýlişi ýaly, Jumamyrat bedeni bekäp, ýumşa ýarap ugranyndan öý hojalygynda we kakasynyň ussahanasynda ýardam berýär. Öý ýasamak üçin peýdalanýan gurallary, esbaplary we beýleki zatlary çaga bilesigelijiligi bilen öwrenmäge çalyşýar we kakasyndan hem-de doganyndan öý ýasamak üçin gerek bolýan çig mallary, olaryň saýlanyp alnyşyny, ýasalyş tilsimlerini tutanýerlilik bilen öwrenýär. Zähmetsöýer Jumamyrat berk bedenli, irimçik süňkli, güýçli hem-de çalasyn bolup ýetişýär.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.