"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Täze gollanma

Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Sport göreşiniň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby neşir edildi. Abdygapur Gökiýewiň we Jennet Geldibaýewanyň bilelikde taýýarlan kitaby erkin we grek-rim göreşleri görnüşlerini saýlap alan türgenlerdir talyplar üçin niýetlenendir. Kitap sportuň bu görnüşleri bilen gyzyklanýanlar üçin hem peýdaly çeşmeleri özünde jemleýär. Okuw kitabyna erkin we grek-rim göreşleriniň taryhy, gelip çykyşy, sport görnüşleri boýunça meşgullanýanlar üçin döredilmeli şertler, beden taýýarlygy, şolar bilen baglanyşykly emelleri ulanmagyň usullarydyr beýleki möhüm maglumatlar girizilipdir. Kitapda dürli suratlaryň ýerleşdirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Sport we sagdynlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu herekete ýylsaýyn türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin olaryň boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna uly ähmiýet berýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmegine, ynsan bedeniniň berkemegine kömek edýär. Yzygiderli bedenterbiýe maşklary adamda oňyn şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň köpugurly guraly bolup, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde hem bu ugurda kuwwatly döwrebap düzüm kemala getirilip, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda biziň yssy howa şertlerimizde adaty bolmadyk görnüşler – hokkeý we figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin hemme zerur şertler döredildi. Türkmenistanlylar sportuň bu görnüşlerini hyjuw we höwes bilen özleşdirýärler.

Küştüň taryhyndan

Meşhur küştçüleriň mekany hökmünde tanalan eziz Diýarymyzda ýigriminji asyryň başlary küşt oýnunyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolan döwri hasaplanylýar. Bu pikir bolsa, elbetde, hakykatdan daşda däldir. Şol ýyllarda Aşgabat raýonynyň «Zähmet» kolhozynda 14 küştçiniň gatnaşmagynda geçirilen çempionat uly gyzyklanma döredipdir. Ýaryşyň 1-nji tapgyrynyň döwlerini görmäge 100-den gowrak kolhozçy ýörite gelipdir.

Futzal — gyzykly oýun

1958-nji ýylda Şwesiýada guralan futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçýän döwri awstriýaly futbol hünärmeni Ýozef Argauer tejribe alyşmak maksady bilen, Braziliýanyň ýygyndysynyň türgenleşigine syn etmäge barypdyr. Şol wagt braziller iki topara bölünip, sport zalynda futbol oýnaýan ekenler. Bu oýun ýewropaly hünärmene diýseň ýarapdyr. Ol Watanyna gaýdyp gelensoň, ýurduň çäginde zalyň içinde oýnalýan futbol boýunça birnäçe gezek birinjilik gurapdyr. Şondan soňra futzal Ýewropa we beýleki yklymlara ýaýrapdyr. Sportuň futzal görnüşi indi onlarça ýyl bäri meşhurdyr. Bu oýunda her toparda 5 adam meýdana çykyp, olaryň biri derwezäni goraýar. Beýleki oýunçylar goragçy, hüjümçi diýlip aýratyn atlandyrylmaýar. Sebäbi olar bilelikde hüjüm edip, hemmesi-de bilelikde goranýarlar. Bu oýunda pökgüli hokkeýdäki ýaly, derwezeçini meýdandaky oýunçylaryň biri bilen çalşyp oýnamak düzgüni hem bar.

Iň ähmiýetli innowasiýalar

Häzirki döwürde sportda we bedenterbiýede innowasion tehnologiýalaryň eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Kompýuter maksatnamalarynyň hem-de ulgamlarynyň ösmegi türgenleşikleri has netijeli guramaga, oýunlara düzedişleri girizmäge we türgenlere zerur bolan psihologik kömegi bermäge ýardam edýär. Täze tehnologiýalaryň bir böleginiň sport işine ýetirýän täsiri aýratyn uludyr. Rus hünärmenleri tarapyndan iri göwrümli maglumatlaryň aň-paýhas seljermesini geçirmek esasynda haýsy tehnologiýalaryň kömeginden sportda has köp peýdalanylýandygy kesgitlenilipdir. Olara baha berlende her biriniň ulanylýan ugurlary we geljekki mümkinçilikleri nazara alnypdyr. Şeýle ugurlara «akylly» sport desgalary, toparlaryň we türgenleriň netijeleriniň ýokarlanmagy, janköýerleriň sanly tejribesi we ýaryşlaryň ýaýlymda görkezilmegi girizilipdir.

Röwşen geljegiň aýdyň ýoly

Geljegimiziň abadançylygy häzirki ýaşlarymyza baglydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge hem-de dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ýakynda, has takygy 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy hem bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ynsanperwer başlangyjy dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerini berkitmekde, oňyn garaýyşlary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça netijeli çözgütleri kabul etmekde giň gözýetimli, täzeçil pikirleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara uly orun berilýär. Şonuň üçinem ýurdumyzda halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde bilim we ýaşlar babatda taslamalar işjeň durmuşa geçirilýär.

Bedenterbiýe we sport

Golaýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bedenterbiýe we sport bölüminiň 2-nji sport mekdebinde ýetginjekleriň arasynda milli göreş boýunça Türkmenbaşy şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinden ýaş pälwanlar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Türkmenbaşy şäheriniň topary 1-nji, Balkanabat şäheriniň topary 2-nji orna eýe boldy. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenbaşy şäheriniň bedenterbiýe we sport bölüminiň Hormat hatlary hem-de medallar gowşuryldy. Sonagül SÖÝÜNOWA,

Sag başym – soltan başym

Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjelerdir. Adatça, sport professional türgenleriň ýokary netijeler ugrundaky tutanýerli zähmetini we bäsleşiklerini öz içine alýar. Bedenterbiýe bolsa adamyň sagdyn bolmak üçin ýerine ýetirmeli işjeňligidir. Sagdyn durmuş ýörelgesi her bir adamyň zyýanly endiklerden çetde durup, saglygy üçin peýdaly hereketleri ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly düşünjedir. Diýmek, professional türgenlerden tapawutlylykda, adaty adamlara sagdyn bolmak üçin biri-biri bilen däl-de, öz-özi bilen göreşmelidigine göz ýetirmek has ähmiýetlidir. Sagdyn bolup, durmuşdan lezzet almak üçin her bir adama ýönekeý kadalary berjaý etmek we peýdaly endikleri edinmek zerurdyr. Ynsanyň saglygy, ilkinji nobatda onuň dem alýan howasyna baglydyr. Şonuň üçin hem arassa howada gezelenç etmek we dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmek sagdynlyga uzaýan ýoluň ilkinji ädimlerine öwrülmelidir.

Atalyk kitaplarynyň ähmiýeti

Mälim bolşy ýaly, ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerini eýermegindäki, olara terbiýe bermekdäki gymmatlyklary Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli atalyk kitaplarynda jemlenendir. Şol ýol-ýörelge mekdebimizde umumadamzat jemgyýeti bilen bir hatarda, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň, ruhy ösüşiniň, zähmetini guraýşynyň ugurlary we aýratynlyklary öz beýanyny tapýar. Hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistan — sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly ajaýyp kitaplary biz ýaşlary sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine ebedi ygrarlylyga gönükdirýän beýik ýoldur. Bu mukaddes gymmatlyklarymyz biz ýaşlaryň kämil kemala gelmegimize, jemgyýetiň öňündäki borçlarymyza dogry we dürs düşünmegimize, milli duýgulara bolan hormatymyzy, buýsanjymyzy berkitmegimize, bedenterbiýedir sport bilen meşgullanmagymyza, sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik durmuşymyzda amal etmegimize giňden ýardam berýär.

Dünýäniň iri at çapyşyklary

Taryhy maglumatlar at çapyşyklarynyň gözbaşynyň müňýyllyklara uzap gidýändigini tassyklaýar. At çapyşyklary ähli döwürlerde dünýäniň çar ýanynda uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda-da behişdi bedewleriň bäsleşikleri baýramçylyklaryň bezegidir. Şol sebäpden hem, biz at çapyşyklarynyň muşdaklaryny dünýäniň iň meşhur ýaryşlary bilen tanyşdyrýarys. Epsom derbisi

Welaýatlardan habarlar

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşi hem-de Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebi tarapyndan sebitiň saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýänleriň gatnaşmagynda guralan şaşka ýaryşy gyzykly we çekeleşikli geçdi. Onlarça şaşka söýüjileri özünde jemlän bu ýaryş aýlaw görnüşinde geçirilip, onda baýrakly orunlaryň ählisini Balkan welaýat saglygy goraýşyň awtoulaglary kärhanasynyň işgärleri eýelemegi başardylar. Süleýman Melikowyň birinji, Halyl Mämmedowyň ikinji, Gylyçmyrat Toýlyýewiň üçünji orunlary eýelemegi bilen jemlenen bäsleşik sportuň ýurdumyzyň ähli ulgamynda giň gerime eýe bolýandygynyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Ýaryşyň ýeňijilerine sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Taryhda şu gün

«NBA Live Tour» bäsleşiginiň çäginde «Los Anjeles Klippers» topary bilen duşuşan SSKA güýçli garşydaşyndan 94-75 hasabynda üstün çykýar. Geçirilen bu duşuşykda Ettora Messinanyň tälim berýän SSKA toparynyň düzüminde iň köp tapawutlanan oýunçy 16 utuk toplan Wan Den Şpigel bolupdy. Şondan bir ýyl öň Los-Anjeles şäheriniň toparynyň NBA-nyň bäsleşiginiň çärýekfinalyna çykandygyny bellemek gerek.

Kalplary buýsanja beslän şanly wakalar

Taryha altyn harplar bilen ýazylýan şan-şöhratly wakalary, toý-baýramlary bir-birine ulaşýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda amala aşyrylýan her bir iş, geçirilýän her bir syýasy-jemgyýetçilik çäre bagtyýar halkymyzyň arzuwlaryndan, isleglerinden ugur alýar we Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen naýbaşy ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlerem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Halkymyzyň agzybirligiň, jebisligiň, ösüşleriň ak ýoly bilen öňe barýandygynyň kemsiz subutnamasyna öwrülen ählihalk forumynda Gahryman Arkadagymyzyň maksatnamalaýyn çykyş etmegi hemmeleri çäksiz buýsanja beslän waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň: «Biz diňe halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!» diýen dürdäne sözler bilen jemlenen taryhy çykyşynyň taryhy ähmiýete eýedigini bellemek aýratyn ýakymlydyr.

Täze ýeňişlere badalga

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri, netijeleri hakyndaky hoş habarlaryň yzygiderli gelip gowuşmagy her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň hem şeýle üstünliklere şärik bolmagy başarýandyklary guwandyryjydyr. Şu günler türgenlerimiz Hytaýyň Hançžou şäherinde geçýän tomusky Aziýa oýunlarynda çykyş edýärler. Türkmen topary bu ýaryşa diýseň ýokary derejede taýýarlandy.

Döwlet sylagy – uly abraý

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen birlikde, sport ulgamynda hem asyrlara barabar ösüşler gazanylyp, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesi berkarar boldy. Halkymyzyň alnyndan bagt Kuýaşy bolup dogan Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly günlerinde biz bu hakykata ýene bir gezek şaýat bolduk. 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ildeşlerimiziň uly toparynyň hatarynda türkmen sportunyň abraýyny artdyrmak, halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýän türgenleri ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýän hünärmenleriň ençemesiniň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy hem buýsandyrýar. Wagif MAMMEDOW,

Garaşsyzlyk toýy – baky bagtyýarlygyň baýramy

Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan bagty — mukaddes Garaşsyzlygymyz eşretli durmuşymyzyň gözbaşydyr, röwşen gelejegimiziň güwäsidir. Baş baýramymyz mynasybetli eziz Watanymyzyň çar ýanynda ýaýbaňlandyrylan toý dabaralary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda jebisleşen halkymyzyň agzybirligiň, abadançylygyň, ruhubelentligiň röwşen ýolunda beýik maksatlara tarap ynamly gadamlar bilen ilerleýändiginiň nyşany hökmünde ähli türkmenistanlylaryň kalplaryny bagtyýarlyga besledi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňünde ýaýbaňlandyryldy. 27-nji sentýabrda ir bilen Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriňdir we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyza gelen daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalary dabara gatnaşmak üçin Döwlet münberine jemlendiler. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy garşyladylar.

Yhlasymyzyň miwesi

Eziz Watanymyzyň sport mekdeplerinde häzirki wagtda sporty ösdürmek üçin giň şert-mümkinçilikler döredilip, kämil türgenlerimizi ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Şol sport mekdepleriň biri hem Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebidir. Sport mekdebimizde ýaş nesillerimiziň okuwdan boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, öz saýlap alan ugurlaryndan kämilleşmegi üçin ähli döwrebap şertler döredildi. Mekdebimizde türgenlere sportuň 7 görnüşi boýunça tälim berlip, ugurlaryň ählisinden-de ussat tälimçilerimiz halypalyk edýärler we özleriniň tejribelerini, ukyp-başarnyklaryny türgenler bilen paýlaşýarlar.

Bedewler ula gidende

Her ýyl ýurdumyzda baş baýramymyzyň hormatyna geçirilýän at çapyşyklary baýramçylyk dabaralarynyň öwüşginini has-da artdyryp, döwürleriň arabaglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, mähriban halkymyzyň gadymy milli däplere ygrarlylygyny alamatlandyrýar. 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar hakyky türkmen toýlaryna mahsus bolan ýokary ruhubelentlige beslendi. Toplumyň çäginde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň döredijilik zehini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz ýolugruna paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň giň gerimli sergi bölümlerini synlady. Şu gezekki sergi mähriban halkymyzyň köptaraply zehininiň, zähmetsöýerliginiň we baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýle hem bu ýerde milli göreş boýunça bäsleşikler ýaýbaňlandyryldy. Ýaryşlarda türkmen pälwanlary özleriniň güýç-gaýratyny, çalasynlygyny we ussatlygyny görkezdiler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary köpöwüşginli aýdym-sazly baýramçylyk sowgadyny taýýarladylar.

Beýik ösüşleriň zamanasy

Binýady berkden tutulan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem özygtyýarly ösüş ýolunda gazanylan üstünliklere baha berlip, öňde durýan beýik maksatlarymyza ýetmek üçin wajyp wezipeler kesgitlenildi. Eziz Diýarymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda döwletli kararlaryň kabul edilmegi hem-de hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy ählihalk forumynyň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çuňňur mazmunly çykyşynda Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň Olimpiýa hereketini ösdürmäge goşýan mynasyp goşandy, Bitarap Watanymyzda geçirilen abraýly halkara ýaryşlaryň sport, parahatçylyk, dostluk däplerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrandygy baradaky buýsançly sözleri kalbymyza ganat baglady.

Bedenterbiýe we sport

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde şotokan karatedo boýunça 30-dan gowrak döwletiň gatnaşmagynda 13-nji dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşda oglan-gyzlar dürli agramlar boýunça aýratynlykda çykyş etdiler. Bu ýaryşda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy A.Ýoldaşowyň türgeni Medine Gulamanowa 14-15 ýaşlylaryň arasynda çykyş edip, üçünji orny eýelemegi başardy. Biz ýaş türgene mundan beýläk hem geçirilýän şeýle abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegini arzuw edýäris.