Iň ähmiýetli innowasiýalar

6 Oktýabr 2023
925

Häzirki döwürde sportda we bedenterbiýede innowasion tehnologiýalaryň eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Kompýuter maksatnamalarynyň hem-de ulgamlarynyň ösmegi türgenleşikleri has netijeli guramaga, oýunlara düzedişleri girizmäge we türgenlere zerur bolan psihologik kömegi bermäge ýardam edýär.

Täze tehnologiýalaryň bir böleginiň sport işine ýetirýän täsiri aýratyn uludyr. Rus hünärmenleri tarapyndan iri göwrümli maglumatlaryň aň-paýhas seljermesini geçirmek esasynda haýsy tehnologiýalaryň kömeginden sportda has köp peýdalanylýandygy kesgitlenilipdir. Olara baha berlende her biriniň ulanylýan ugurlary we geljekki mümkinçilikleri nazara alnypdyr. Şeýle ugurlara «akylly» sport desgalary, toparlaryň we türgenleriň netijeleriniň ýokarlanmagy, janköýerleriň sanly tejribesi we ýaryşlaryň ýaýlymda görkezilmegi girizilipdir.

Annageldi GADAMOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.