Bedenterbiýe we sport

29 Sentýabr 2023
373

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde şotokan karatedo boýunça 30-dan gowrak döwletiň gatnaşmagynda 13-nji dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşda oglan-gyzlar dürli agramlar boýunça aýratynlykda çykyş etdiler. Bu ýaryşda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy A.Ýoldaşowyň türgeni Medine Gulamanowa 14-15 ýaşlylaryň arasynda çykyş edip, üçünji orny eýelemegi başardy.

Biz ýaş türgene mundan beýläk hem geçirilýän şeýle abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegini arzuw edýäris.