Kalplary buýsanja beslän şanly wakalar

29 Sentýabr 2023
407

Taryha altyn harplar bilen ýazylýan şan-şöhratly wakalary, toý-baýramlary bir-birine ulaşýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda amala aşyrylýan her bir iş, geçirilýän her bir syýasy-jemgyýetçilik çäre bagtyýar halkymyzyň arzuwlaryndan, isleglerinden ugur alýar we Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen naýbaşy ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlerem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.

Halkymyzyň agzybirligiň, jebisligiň, ösüşleriň ak ýoly bilen öňe barýandygynyň kemsiz subutnamasyna öwrülen ählihalk forumynda Gahryman Arkadagymyzyň maksatnamalaýyn çykyş etmegi hemmeleri çäksiz buýsanja beslän waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň: «Biz diňe halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!» diýen dürdäne sözler bilen jemlenen taryhy çykyşynyň taryhy ähmiýete eýedigini bellemek aýratyn ýakymlydyr.

«Türkmen sporty».