Röwşen geljegiň aýdyň ýoly

6 Oktýabr 2023
479

Geljegimiziň abadançylygy häzirki ýaşlarymyza baglydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge hem-de dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ýakynda, has takygy 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy hem bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ynsanperwer başlangyjy dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerini berkitmekde, oňyn garaýyşlary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça netijeli çözgütleri kabul etmekde giň gözýetimli, täzeçil pikirleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara uly orun berilýär. Şonuň üçinem ýurdumyzda halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde bilim we ýaşlar babatda taslamalar işjeň durmuşa geçirilýär.

Selim GURBANGELDIÝEW,
Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň talyby.