Talyp bäsleşikleri
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp türgenleriniň arasynda her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň çäklerindäki ýeňil atletika ýaryşy tamamlandy. Oglanlar 100 we 400 metr aralyga ylgamakda, uzynlygyna bökmekde hem-de 4x100 metr aralyga estafeta ylgawynda güýç synanyşdylar. Gyzlar bolsa 100 we 200 metr aralyklara ylgamakda, uzynlygyna bökmekde hem-de 4x100 metr aralyga estafeta ylgawynda bäsleşdiler. Çekeleşikli we gyzykly geçen ýaryşda umumytoparlaýyn hasapda oglanlaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary birinji, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary (Mirhaýdar Saparow, Serdar Bäşimow, Umyt Kertikow, Muhammetali Kişikow) ikinji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Gyzlaryň arasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary ýeňiji boldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary (Enejan Esedowa, Aýlar Babamuradowa, Mahym Rejepowa, Äşe Bäşimowa) ikinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp gyzlary bolsa üçünji orunlary eýelemegi başardylar.