"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sporta höwesek ýaşlar

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde sport ulgamy depginli ösdürilýär. Sport mekdeplerinde geçirilýän okuw-türgenleşik sapaklarynyň mazmuny baýlaşdyrylyp, okuwçylaryň sport işjeňligini artdyrmak üçin dürli çäreler geçirilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän stadionlar, iri sport desgalary, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde ýetginjekleri, okuwçylary sporta höweslendirmekde we ýaş türgenleri ýetişdirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Sport mekdebiniň esasy wezipesi hem-de maksady ýaş türgenleri geljekde döwlet we halkara derejesindäki ýaryşlara taýýarlamakdan ybarat bolup durýar.

Göreşde taplanýan zehin

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti halkymyzyň saglygy, ösüp gelýän ýaş nesliň bedeniniň berkligi barada uly alada edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlaryň talabalaýyk durmuşa geçirilmegi möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Onuň üstünlikli amala aşyrylmagyna bolsa her bir raýat öz saýlan ugry boýunça mynasyp goşant goşmaga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň zenanlaryna uly sarpa goýýar. Şeýle sylag-sarpa bolsa ähli ulgamlarda bolşy ýaly, olaryň sportda hem uly ýeňişler gazanmaklaryna getirýär. Biz hem golaýda guşakly göreş boýunça milli ýygyndy toparyň agzasy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýmeňli Kerimowa bilen söhbetdeş bolduk. – Ilki bilen sporta gelşiňiz hakda gürrüň beräýseňiz?!

Sagdynlyga uzaýan ýol

Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgesi islendik adam üçin uly ähmiýete eýedir. Adamzadyň barha kämilleşýän zamanasynda ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn iýmitlenmegi we sporty saýlaýanlaryň sany barha artýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. «Sagdyn bedende sagdyn ruh» diýlişi ýaly, sporty ömürlik hemrasy edinen adamlar tutanýerli we maksada okgunly bolup, hemişe üstünlige ymtylýar. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak bedeniň ähli agzalarynyň kadaly işlemegini üpjün edýär. Maşklary ýerine ýetirmek we dogry iýmitlenmek arkaly süňkleriň hem-de bogunlaryň berkidilmegi şikeslenmeleriň öňüni almaga ýardam edýär.

Baýramçylyk dabarasy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Bu ýerde sport mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan çykyşlary dabarany egsilmez şatlyga besledi. Sport mekdebiniň mugallymy Güljahan Amanowanyň hem-de Annatäç Orazowanyň taýýarlan okuwçylary çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler. Okuwçylar Umyt Poslyýewiň, Meretgeldi Ýagdyýewiň, Gulmyrat Akyýewiň joşgunly çykyşlary ata Watanymyzyň, eşretli durmuşymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, dost-doganlygyň, bagtyýar halkymyzyň buýsançly waspy bolup, toý şatlygyny goşalandyrdy.

Futbol dünýäsinde

1995-nji ýylda Awstraliýanyň futbol çempionatynda bu oýnuň taryhyndaky iň çalt geçirilen gol hasaba alnypdyr. «Adelaida Siti» we «Sidneý Ýunaýted» toparlarynyň arasynda geçirilen oýun başlandan 3,67 sekunt geçenden soň «Adelaida Sitiniň» ýerli oýunçysy Damýen Mori pökgini toruň iç ýüzünde gaýmalatmagyň hötdesinden gelipdir. * * *

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň öňbaşçysy «Arkadag» topary 16-njy hem-de 18-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşyklaryny geçirdi. Ilki «Energetik» toparyndan 6:1 hasabynda üstün çykan «Arkadag» topary ikinji duşuşygynda geçen ýylyň çempiony «Ahaly» 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňişlerinden soň 42 utuk toplan «Arkadag» topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Aň-paýhas bäsleşigi

Häzirki günlerde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. 1-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler. Bu ýaryşda ýurdumyzyň welaýatlaryndan 90-a golaý küştçi güýç synanyşar. Şeýle ýaryşlar diňe bir professional küştçüler üçin däl, eýsem, höwesjeňler we ýaşlar üçinem ussatlygyny artdyrmaga ajaýyp mümkinçilikdir. 11 tapgyrdan ybarat bolup, 8-nji oktýabra çenli dowam etjek ýaryşda nusgawy görnüş bilen birlikde, rapid we blis boýunça ýeňijilere-de Kubokdyr baýraklar gowşurylar. Bu ýaryşyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri-de, onda gazanylan ýeňiş-utuklaryň Halkara küşt federasiýasy (FIDE) tarapyndan hasaba alynjaklygy bilen baglanyşyklydyr.

Tehnologik ösüşiň eşretleri

Ýokary netijeler sportunda täze tehnologiýalar yzygiderli peýda bolýar. Bu hem netijeleri barha ýokarlandyrmak hem-de olary hasaba almak zerurlyklary bilen baglanyşyklydyr. Geçen asyryň ahyrynda sportdaky tehnologik ösüş, esasan, ýaryşlarda peýdalanylýan enjamlar bilen baglanyşykly bolan bolsa, häzirki döwürde innowasiýalaryň agramly bölegi türgenleşikler üçin goşundylara, wirtual we onlaýn türgenleşikler üçin niýetlenen serişdelere degişlidir.

Ýollarymyz asuda bolsun

Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek dünýäde ileri tutulýan ugurlaryň hem-de wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, adamlaryň jan saglygyny we ömrüni ygtybarly goramakda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda, obalardyr şäherlerde sürüjiler we pyýadalar üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän iki taraply giň ýollar, awtomagistrallar, aýlawly köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurulýar. Şaýollarymyzda we köçelerimizde hereket edýän awtoulaglaryň sanynyň barha artmagy ýol hereketiniň ýokary derejede sazlaşykly guralmagyny talap edýär. Ýurdumyzda ýolulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, köçelerde ýol hereketini düzgünleşdiriji, yşyklandyryjy, elektron duýduryş-habar beriji, hereket tizligini ölçeýji, gije-gündiziň dowamynda işleýän awtomatlaşdyrylan wideogözegçilik enjamlary ornaşdyrylan. Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny ilat arasynda giňden wagyz etmek ugrunda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, beýleki degişli döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan düşündiriş işleri yzygiderli geçi

Welaýatlardan habarlar

Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň sport desgasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Ahal welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan baýramçylyk dabarasyna welaýatyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň işgärleri, talyp ýaşlar, köp sanly türgenler, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndan

Parižde 1900-nji ýylda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna çenli zenanlara dünýäniň iň iri ýaryşyna gatnaşmak gadagan bolupdyr. Şol ýyl ilkinji gezek aýal-gyzlar golf we tennis bäsleşiklerinde çykyş edipdirler. * * *

Taryhda şu gün

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda russiýaly Mariýa Lisiskene ýokarlygyna bökmekde üçünji gezek dünýä çempiony diýen derejäni gazanan ilkinji zenan ýeňil atletikaçy bolupdy. Ol şonda ýeňil atletika boýunça Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýokarlygyna bökmekde 204 santimetr netije bilen altyn medala mynasyp boldy. Mariýa Lisiskene dünýä birinjiliklerindäki mundan öňki ýeňişlerini 2015-nji ýylda Pekinde hem-de 2017-nji ýylda Londonda gazanmagy başarypdy.

Garaşsyzlyk — ykbalymyz, bagtymyz

Watana bolan beýik söýgüden gözbaş alyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilen nusgalyk işleriň täze eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigi onuň diňe bir ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygy ajaýyp hakykatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren deňsiz-taýsyz özgertmeleri, taryhy tutumlarydyr başlangyçlary bilen dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň esasynda şol ykrarnamanyň has-da pugtalanýandygy, berkeýändigi hem, elbetde, kalplardaky buýsanja buýsanç, guwanja guwanç goşýar. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Kataryň Emiriniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, bu ýurtda guralýan Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany bolmagyny şolaryň hatarynda iň şanly wakalaryň biri hökmünde görkezip bileris.

Garaşsyzlyk toýuna dünýä gelýär salama

Türkmen ilim, jan Watan, gördük ajap zamanyň,Parahat, agzybir halk – şudur bagtly jemalyň,Ýaşa, Garaşsyz ýurdum! – ýaýdyň nurly kelamyň.Alkyş Beýik Merdana,Arkadagly Serdara,Türkmen toýun toýlaýar, dünýä bilen zamana! Bu gün baky gülleýär beýik-beýik kendimizDowam edýär halkymyz şäher gurmak ýoluny.Waspyň edip gezeýin ertir, agşam, günde men,Daglar aşdy owazaň,Synmaz beýik howalaň,Watan, ýoluň hemişe dünýä tarap rowana!

Söweş sungatynyň ussatlary

Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Karatedo federasiýasynyň guramagynda karatedo boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi. Sportuň bu görnüşi boýunça milli mekdebimiz barha kämilleşip, türgenlerimiz halkara ýaryşlarda dürli derejeli medallary eýelemegi başarýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen paýtagtyň birinjiligi hem bu görnüşde täze zehinleriň kemala gelýändigini görkezdi. 8 – 11 ýaşly oglanlaryň arasynda kata görnüşi boýunça Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Selim Saparow ýeňiji boldy. Şol görnüşden gyzlaryň arasynda Amina Rahmanowa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdy.

Kikboksçylarymyzyň Daşkentdäki üstünligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy

Daşkentde geçen kikboksing boýunça Özbegistanyň üçünji açyk çempionatynda türkmen ýygyndysynyň ajaýyp netijesi bellige alyndy. 32 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Jasurbek Ahmedow ýaryşyň altyn medallarynyň ikisine («point fighting» we «kick light» görnüşleri) mynasyp boldy. Mundan başga-da, Nepes Bäşimow (48 kg çenli agramda), Şahruh Şeraliýew (51 kg çenli), Salamathan Baltaýew (69 kg çenli), Serdar Berdimyradow (86 kg çenli) dagy («low kick» görnüşinden) açyk çempionatyň ýeňijisi boldy.

Baýrama bagyşlanan bäsleşikler

Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi, şeýle hem «Halkara talyplar sport güni» mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sport, sagdyn durmuş Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň baş ýörelgesidir» atly köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirildi. Woleýbol bäsleşiginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary öňdeligi eýeledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ikinji, Türkmen döwlet maliýe instituty üçünji orunlara mynasyp boldular. Gandbolda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ýeňiji boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary ikinji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary üçünji boldy.

Aziýa çempionatynyň medallary

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde «AIGA ASIAN CHAMPIONSHIP 2023» diýen at bilen geçen grepling boýunça Aziýa çempionaty türkmen türgenlerine uly üstünlik getirdi. Göreşiň ähli usullaryny (dzýudo, sambo, jiu-jitsu, erkin we grek-rim göreşleri) özünde jemleýän görnüşden guralan yklymyň çempionatyna 11 ýurtdan 1200 türgen gatnaşdy.

Doganlaryň baýramçylyk sowgady

Sporta gadam goýanyna 30 ýyldan hem gowrak wagt bolan uniwersal söweşiň hem-de MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň ussady Şöhrat Orazgeldiýewiň ýeňil bolmadyk bu ýola düşen günlerinden häzire çenli ýeten üstünlikleri onuň ykbalynyň many-mazmunyny açyp görkezmek üçin ýeterlik bolsa gerek. Garaşsyzlyk ýyllaryna gabat gelen şol döwürde zehinli türgeniň sportuň başa-baş söweş görnüşleriniň birnäçesinden dürli derejedäki ýaryşlarda geçiren resmi duşuşyklarynyň 600-den gowragy bellige alyndy. Elbetde, her duşuşyk üçin döz gelen azabyna, kynçylygyna garamazdan, iň soňky pursatlara çenli ýeňiş üçin göreşmegi Şöhradyň saýlan sport görnüşlerine söýgüsinden nyşandyr. Şol söýginiň türgeniň zähmeti hem çyn yhlasy bilen utgaşmagy bolsa Watana şan getirmegi başaran zehinli ýigidi uly abraýa ýetirdi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, jemgyýetçilik hem-de hukuk tertibini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandy, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, şeýle-de sportdaky ajaýyp netijeleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanmagy merdana Watan goragçysynyň – Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň maýory, «Galkan» sport merkeziniň türgeni Şöhrat Orazgeldiýewiň zähmetine, yhlasyna berlen mynasyp baha boldy. Munuň özi türgeniň täze üstünliklere uzaýan ýoluna özboluşly öwüşgin çaýdy. * *

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda «Aşgabat» hem-de «Şagadam» toparlary güýç synanyşdy. Deňlikde tamamlanan bu duşuşykdan soň «Aşgabat» toplan 17 utugy bilen 4-nji orna geçmegi başardy. 9 utuk toplan «Şagadam» topary 9-njy orny eýeleýär.