Aň-paýhas bäsleşigi

29 Sentýabr 2023
324

Häzirki günlerde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. 1-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler. Bu ýaryşda ýurdumyzyň welaýatlaryndan 90-a golaý küştçi güýç synanyşar.

Şeýle ýaryşlar diňe bir professional küştçüler üçin däl, eýsem, höwesjeňler we ýaşlar üçinem ussatlygyny artdyrmaga ajaýyp mümkinçilikdir. 11 tapgyrdan ybarat bolup, 8-nji oktýabra çenli dowam etjek ýaryşda nusgawy görnüş bilen birlikde, rapid we blis boýunça ýeňijilere-de Kubokdyr baýraklar gowşurylar. Bu ýaryşyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri-de, onda gazanylan ýeňiş-utuklaryň Halkara küşt federasiýasy (FIDE) tarapyndan hasaba alynjaklygy bilen baglanyşyklydyr.

Aýsoltan WEÝISGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby.