Welaýatlardan habarlar

29 Sentýabr 2023
452

Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň sport desgasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.

Ahal welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan baýramçylyk dabarasyna welaýatyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň işgärleri, talyp ýaşlar, köp sanly türgenler, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.