Täze ýeňişleriň ýolunda

13 Oktýabr 2023
418

Şu ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň mejlisler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny XXXIII Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna we beýleki iri halkara ýaryşlaryna ylmy esasda taýýarlamaga bagyşlanan XIV bölümçe mejlisi geçirildi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygyna bagyşlanan bu sergä we ylmy maslahata daşary ýurtly myhmanlary hem-de dostlarymyzyň gatnaşmagy aýratyn many-mazmuna eýe bolan möhüm wakadyr.

Gülälek GAJYÝEWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baş hünärmeni.