Aziýa oýunlarynyň medallar çemeni

13 Oktýabr 2023
456

Hytaýyň Hançžou şäherinde tamamlanan ХIХ tomusky Aziýa oýunlary türkmen türgenleri üçin diýseň düşümli boldy. Türgenlerimiziň Oýunlaryň medallaryndan baglan çemeni bu hakykatyň aýdyň görkezijisidir. 23-nji sentýabrda Türkmenistanyň topary ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabara Hançžouwyň Olimpiýa sport merkezinde guraldy. Sport baýramynyň giň meýdanyndan türkmen ýygyndysynyň dabaraly ýagdaýda geçýän pursatlary has-da täsirli boldy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekili hökmünde Döwlet baýdagymyzy götermek ýüzüji Merdan Ataýewe hem-de dzýudoçy Maýsa Pardaýewa ynanyldy. Şondan soň Aziýa oýunlarynyň dartgynly ýaryşlary başlandy. Türkmen ýygyndysynyň bu sport baýramyndaky ilkinji üstünligi dzýudo boýunça ýygyndy toparymyza degişli boldy.

Aziýa oýunlarynyň zenanlaryň arasyndaky dzýudo ýaryşy 1/8 finalyň duşuşyklaryndan badalga aldy. Ildeşimiz Maýsa Pardaýewa 57 kilogram agram derejesinde göreş düşekçesine çykdy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan zehinli türkmen gyzy ilki bilen nepally Pradhan Şhredsany ýeňlişe sezewar etdi. Ildeşimiz bu garşydaşyny ippon utuklarynyň esasynda 10:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Çärýekfinalda koreýaly Ýensong Parkyň garşysyna göreşen ildeşimize az-kem şowlulyk ýetmedi. Ol bu garşydaşyndan 1:0 hasabynda ýeňildi. Şunlukda, Maýsa bürünç medal ugrundaky göreşini dowam etdirdi. Özbegistanly Şukurjon Aminowa bilen bolan duşuşygy 10:0 hasabynda öz peýdasyna jemlemegi onuň bürünç medal ugrundaky tutluşyga çykmagyny şertlendirdi. Hytaýly dzýudoçy Ki Kaini 11:0 hasabynda ahmyrda goýmak bilen, Maýsa Pardaýewa hormat münberiniň üçünji basgançagynda orun aldy. Şeýlelikde, türkmen gyzy ýurdumyzyň baýrak gaznasyna Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlarynyň ilkinji medalyny getirdi.

«Türkmen sporty».