Ynsanperwer ýörelgeler rowaçlanýar

13 Oktýabr 2023
404

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgelere ýugrulan nusgalyk işler amala aşyrylýar. Çagalar, ýaşlar, ýagty geljek baradaky alada Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, jemgyýetimizi jebisleşdirmegiň esasy şertleriniň biri hasaplanýar. Diýarymyzda çagalar we ýaşlar üçin mynasyp durmuş şertlerini üpjün etmek, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak üçin giň gerimli işler bitirilýär. Şeýle işlere her bir raýatyň mynasyp goşant goşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleri esasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýaş nesil hakyndaky aladanyň aýdyň nusgasydyr.

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.