Sport hem sagdynlyk – bagtyýarlygyň gözbaşy

13 Oktýabr 2023
515

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň barha rowaçlanýan, sportuň uly ösüşlere beslenýän zamanasy bolup dabaralanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, milli sportumyzyň täze belentliklere göterilmegini gazanmak, Diýarymyzyň sport ýurdy hökmünde dünýäde gazanan abraýyny has-da berkitmek hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.

Muňa Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda hem aýdyň göz ýetirdik. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen, şeýle-de, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylan mejlisde saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işlere we öňde durýan wezipelere hem aýratyn üns çekildi.

«Türkmen sporty».