"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Gyşky Olimpiýa oýunlary

Olimpiýa oýunlary öz taryhynyň gözbaşyny tomusky Olimpiadadan alyp gaýtsa-da, häzirki wagtda gyşky Olimpiýa oýunlarynyňam meşhurlygy we janköýerleriniň köplügi diňe tarypa mynasypdyr. Onuň taryhy hakynda gysgaça söhbet edenimizde bolsa, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan guralýan gyşky Olimpiýa oýunlary ilkinji sapar 1924-nji ýylda geçirilipdir. Gyşky hem-de tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 1994-nji ýyla çenli bir ýylda geçirilip gelnendigini hem bellemek gerek. Ol her dört ýyldan bir gezek, fewral aýynyň 29 senenama güni bolup gelýän ýyllarynda guralypdyr. 1994-nji ýyldan başlap bolsa gyşky hem-de tomusky Olimpiýa oýunlary bir-birinden iki ýyl aratapawutlylykda geçirilip ugralypdyr.

Bedenterbiýe we sport

Bu günki gün ýurdumyzyň döwrebap sport mekdeplerinde ýaş türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim alýarlar we dürli ýaryşlara gatnaşyp, öz başarnyklaryny artdyrýarlar. Şeýle ýaryşlaryň biri golaýda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda 2006-njy ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglanlaryň arasynda geçirildi. Woleýbol ýaryşynda paýtagtymyzdan we Ahal welaýatyndan 6 topar özara bäsleşdi. Bäsleşigiň netijesine görä Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 8-nji sport mekdebiniň «Ýedigen» topary ýeňiji bolmagy başardy. S.HEKIMOW,

Welaýatlardan habarlar

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplarynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän duşuşyklar geçirilip durulýar. Etrabymyzyň orta mekdeplerinde hem şeýle duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Olarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalaryň has äşgär ýüze çykýandygy, ýaş nesilleriň bilimlerini çuňňur özleşdirmäge, hünär başarnyklaryny artdyrmaga, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmäge ajaýyp şertlerdir mümkinçilikleriň döredilýändigi barada täsirli çykyşlar edilýär. Duşuşyklarda çykyş edýänler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň ynsan saglygyna we durmuşyna edýän oňyn täsiri hakynda aýratyn durup geçmek bilen, ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini berýärler.  Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ylymly-bilimli ilhalar nesiller bolup ýetişmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar.

Umumadamzat gymmatlygyna belent buýsanç

Uly ösüşlere, şan-şöhratly wakalara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzyň çar künjeginde giňden bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda assosiasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi, şeýle hem ýurdumyzyň iň gowy kinologlaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Şol ýerde geçirilen esasy dabaralara köp sanly ildeşlerimiz we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdy. Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly hem-de heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle-de, bu ýerde folklor we tans toparlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary guraldy.

Sazlaşykly ösüşiň belent maksatlary

Berkarar Watanymyzy sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini gazanmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. 31-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ählumumy abadançylygyň möhüm şerti

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrarnama eýe bolan ýurdumyzda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdynlygy ýurduň we jemgyýetiň ösüşiniň wajyp şertidir. Şoňa görä-de, sagdynlygy we sporty jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletleriň ähli ugurlarda gülläp ösýändigini dünýä tejribesinden hem aýdyň görýäris. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly tagallalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriniň netijesinde türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýarlar.

Paýhas hazynasy, gymmatly gollanma

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelýän ajaýyp eserler halkymyzyň söýgüsini gazandy. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriň täze XV jildiniň elimize gowuşmagy bolsa il-ulsumyz üçin buýsançly waka boldy. Bu ylmy-ensiklopedik eser her birimiziň ýankitabymyza, ýakyn gollanmamyza öwrülip, daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly höwes bilen öwrenilýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri her bir adama türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleriniň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gorlary, dermanlyk häsiýeti, melhemlik ähmiýeti, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemlik ýa-da derman serişdelerini taýýarlamak barada giňişleýin maglumat berýän ylmy çeşmedir. Bu kitapda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň 2000-den gowragynyň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den gowragynyň endemik ösümlik bolup, diňe Türkmenistanda bitýändigi baradaky maglumatlar beýan edilýär we şolaryň 119-syna giňişleýin häsiýetnama berilýär.

Dünýä çempionatyna taýýarlyk tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar

23 — 28-nji noýabr aralygynda paýtagtymyz Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty barha ýakynlaşýar. Häzirki günlerde bu sport baýramçylygynda ýurdumyzyň abraýyny gorajak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň pälwanlary ähli amatlyklary bolan sport toplumynda tejribeli hünärmen Şirin Kubaýewanyň tälimçiliginde türgenleşýärler.

Er-Riýad oýunlarynyň medallary

Er-Riýad şäherinde (Saud Arabystany Patyşalygy) geçirilen Bütindünýä söweş sungaty oýunlary türkmen pälwanlaryna uly üstünlikleri getirdi. Oýunlarda Türkmenistanyň 7 türgenden ybarat bolan guşakly göreş boýunça milli ýygyndy topary çykyş etdi. Olar bu ýaryşa 2 tälimçiniň ýolbaşçylygynda gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Şöhrat Mämmedow ýolbaşçylyk etdi.

Ýaşlar syýasaty dabaralanýar

Ýaş nesil hakyndaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda iň ilkinji üns berilýän ugurlaryň biridir. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň pent-nesihatlary, wesýetleri, sargytlary ýaşlar üçin gyzyldan gymmatly durmuş sapagydyr, ýol görkeziji çyragdyr. «Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar» diýip nygtan hormatly Arkadagymyzyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly birnäçe döwrebap teklipleri öňe sürmegi her bir raýatda hoşallyk duýgularyny artdyryp, olaryň ählisi-de ýaş nesillerimiziň ýaşaýyş-durmuşy, şu güni we geljegi üçin has-da oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Dabaraly maslahat

Häzirki günlerde paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleri jemleýji tapgyrlarda alnyp barylýar. 1-nji noýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly maslahat hem iri sport baýramçylygyna görülýän taýýarlyga bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleri, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda ak mermerli paýtagtymyza nobatdaky iri halkara ýaryşyň geçirilmeginiň ynanylmagynyň hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary bilen täze derejä çykan türkmen sportunyň ýeten belent derejesiniň bütindünýä ykrarnamasydygy bellenildi. Şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň şol dünýä çempionatynda bäsleşjek hem-de meýletinçi hökmünde gatnaşjak talyplarynyň paýyna jogapkärli wezipäniň düşýändigi nygtalyp, olara uly üstünlikler arzuw edildi.

Şowly çykyşlar

Ýakynda 2006 – 2008-nji hem-de 2009 – 2011-nji ýyllarda doglan oglanlardyr gyzlaryň arasynda gandbol boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Netijede 2006 – 2008-nji ýyllarda doglan gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň topary birinji orny eýeledi. Dänew etrabynyň topary ikinji boldy. 2009 – 2011-nji ýyllarda doglan gyzlaryň arasynda hem paýtagtyň toparyna taý tapylmady. Bu ýaş aýratynlykda ikinji orny Seýdi şäheriniň topary eýeledi. Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlar hem gyzgalaňly dowam etdi. Netijede 2006 – 2008-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäheriniň topary öňdeligi eýeledi. Paýtagtyň topary ikinji orna mynasyp boldy. 2009 – 2011-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Dänew etrabynyň topary birinji, Aşgabat şäheriniň topary ikinji orunlary eýelediler.

Ýaş tennisçilerimiziň ajaýyp netijesi

Ýaş tennisçilerimiz Özbegistanyň Karşi şäherinde jemlenen 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky halkara ýaryşda diýseň netijeli çykyş etdiler. Bäsleşikde Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan 37 oglan hem-de 33 gyz ýeňiş üçin ýiti göreş alyp bardy. Biziň tennisçilerimiz halkara ýaryşyň 3 medalyny gazandylar. Imran Ahundow oglanlaryň ýekelikdäki ýaryşynda ýeňiji boldy. Gyzlaryň ýekelikdäki bäsleşiginde bolsa Ilima Guseýnowa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. Türkmen toparynyň üçünji medaly bolsa oglanlaryň jübütleýin ýaryşyna degişlidir. Imran Ahundow bilen Selim Çagylow jübüti ýurdumyzyň baýrak gaznasyna altyn medallaryň ýene birini getirdiler. Şeýlelikde, ildeşlerimiz halkara ýaryşyň 3 altyn medalyny gazanmagyň hötdesinden geldiler.

Buharada gazanylan üstünlikler

Ýakynda Özbegistanyň Buhara şäherinde ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça halkara ýaryş geçirildi. 2012-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşik toparlaryň 16-synyň gatnaşmagynda guraldy. Geçirilen bäsleşigiň netijesinde şowly çykyş eden GOÝÇÝSM- niň «Kuwwat-A» topary birinji orna mynasyp boldy. Özbegistanda ýerleşýän futbol akademiýanyň «Jizzah» toparynyň çykyşy ikinji orun bilen tamamlandy. GOÝÇÝSM-niň «Diýar-A» (tälimçisi Pirguly Orazow) we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň futbol mekdebiniň «Batly-A» toparlary üçünji orna mynasyp boldular. «Kuwwat-A» toparynyň ýeňiş gazanmagyna saldamly goşant goşan Şamyrat Sähedow, Abdyrahman Mämmedow hem-de Perman Annaorazow bu bäsleşigiň iň ökde oýunçylary diýlip yglan edildi.

Uly synaglaryň öňüsyrasynda

Şu günler agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparymyz Gazagystanyň Şimkent şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Şol ýerde möhüm ýaryşlara taýýarlanýan ýygyndy toparymyza biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň hem dördüsi wekilçilik edýär. Bektimur Reýimow, Döwranbek Hasanow, Gaýgysyz Töräýew hem-de Şahzatbek Matýakubow ýaly zehinli agyr atletikaçylarymyz bu düzümde ykjam taýýarlyk işlerini geçýärler. Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 25-nji oktýabrda başlandy. Köptaraply türgenleşikleri — fiziki we tehniki taýýarlygy öz içine alýan ýygnanyşyk 14-nji noýabrda jemlener.

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyryň birinji duşuşygynda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary Mary şäheriniň «Merwiniň» derwezesinden jogapsyz toplaryň 6-syny geçirmegi başardy. Bu tapgyrda ýaryş tertibiniň ikinji topary «Altyn Asyr» hem ýeňiş gazandy. Paýtagtymyzyň topary Mary şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Energetikden» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Ahal» «Aşgabady» 2:1 hasabynda ýeňen bolsa, «Köpetdag» bilen «Nebitçi» toparlarynyň arasynda geçirilen oýun 2:2 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 48 utuk toplan «Arkadag» topary birinji orny eýelemegini dowam edýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Altyn Asyr» (38 utuk) bilen «Nebitçi» (29 utuk) toparlary eýeleýärler.

Welaýatlardan habarlar

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Bu şanly senä bagyşlanyp guralan baýramçylyk duşuşyklarynda türkmen halkynyň gymmatly mirasy hasaplanýan alabaý itleriniň bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedigi barada gyzykly gürrüňler edildi. Biziň zähmet çekýän bilim ojagymyzda hem talyp ýaşlary gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda alabaýlaryň iň gowularyny, olaryň gylyk-häsiýetlerini kesgitlemek boýunça däbe öwrülen bäsleşikler hem-de baýramçylyk sergileri yzygiderli geçirilýär. Goý, ajaýyp zamanamyzda dünýäniň iň gadymy itleriniň biri hasaplanýan alabaýlarymyzy ösdürip ýetişdirmek, tohum arassalygyny saklamak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Saglyk hem sagdynlyk

Sport bilen meşgullanyň! Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli, ýöne derläp we öl saçly daşaryk çykmaly däl. Öýden çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.

Gyzykly bäsleşikler

Ýakynda paýtagtymyzda dürli ýaşdaky ýetginjek futbolçylaryň gatnaşmagynda futbol bäsleşikleri geçirildi. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 11-nji sport mekdebiniň açyk birinjiliginde 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekler toparlarynyň 8-si bäsleşdi. Gökje ýaşaýyş toplumynyň köpugurly sport desgasynda geçirilen ýaryş 11-nji sport mekdebiniň tälimçisi Oraz Orazowyň türgenleşdirýän toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Daşoguz welaýatynyň «Köpetdag» topary ikinji, Lebap welaýatynyň «Galkynyş» topary üçünji orunlary eýelediler.

Talyp sportunyň taryhyndan

Diýarymyzda talyplaryň sport baýramçylygynyň dowam edýän günlerinde Uniwersiadalaryň taryhy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak aýratyn gyzyklydyr. Talyp sportunyň taryhy 1905-nji ýyldan gözbaş alýar. Şol ýyl ABŞ-da talyplaryň arasynda ilkinji halkara ýaryşlar geçirilýär.